02.11.2023 Söhbetdeşlik69 .

Yhlas — üstünligiň kepili


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mynasyp neslini kemala getirmek şu günüň wajyp wezipeleriniň biri. Sebäbi, ýagty ertirlerimiziň eýeleri bolmaly nesli kemala getirmegiň jogapkärçiligem ýokary, talabam. Şu meseläniň çözgüdiniň jogapkärçiliginden ugur alýan mekdebimiziň mugallymlary okuwçylara durnukly bilim, mynasyp terbiýe bermekde ähli tagallalary edýärler. Biziň tutanýerli zähmetimiziň ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine saldamly goşantdygy guwandyrýar.

Mekdebimize indi 15 ýyl bäri çärýek asyryň iş tejribesini arka atan halypa bilim işgäri Şamyrat Abdyýew ýolbaşçylyk edip gelýär. Işine ezber müdiriň guramaçylykly tagallalary bilen mekdebimizde ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde ýokary netijeler gazanylýar. Okuwçylara bilim bermekde kemsiz abzallaşdyrylan synp otaglarynda döredilen mümkinçilikler ýerlikli ulanylýar. Öňdebaryjy iş tejribelerinden peýdalanmagy, açyk sapaklaryň yzygiderli guralmagy, dürli ugurlar boýunça bäsleşiklerde mugallymlarymyzyň baýrakly orunlary eýelemekleri mekdebimizde ýaş nesle durnukly bilim, döwrebap terbiýe bermekde gowy görkezijileriň gazanylmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Mekdebimizde halypa-şägirtlik ýörelgesine-de uly üns berilýär. Onlarça ýylyň iş tejribesini arka atan kärdeşlerimiziň ýaňy zähmet ýoluna gadam basan ýaş mugallymlarymyza halypalyk goldawlaryny bermekleri hem ajap zamanamyzyň bilimli, zähmetsöýer, edep-terbiýeli ýaşlaryny kemala getirmäge bähbitli täsirini ýetirýär.

Mekdebimiziň mugallymlarynyň ösüp gelýän ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde bitirýän işleri barada näçe gürrüň etseň edip oturmaly. Bu meselede kärdeşlerimiziň ýeňişli gadamlaryny ýatlamagam ýakymlydyr. Mysal üçin, mekdebimiziň müdiri Şamyrat Abdyýew 2022 — 2023- -nji okuw ýylynda “Iň göreldeli mekdep müdiri” bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda baş baýraga, şu bäsleşigiň döwlet derejesinde geçirilen tapgyrynda bolsa, 3-nji orna mynasyp boldy. Iňlis dili mugallymy Jahan Amanmyradowa 2022 — 2023-nji okuw ýylynyň “Ýylyň mugallymy” bäsleşiginiň etrap tapgyrynda baş baýraga mynasyp boldy. Jahan Amanmyradowanyň şu ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmagam bizi guwandyrdy.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünliklere beslemegi maksat edinýän mugallymlarymyz tutanýerli zähmet çekýärler. Mümkinçilikden peýdalanyp, öňdebaryjy kärdeşlerimizden ýokary derejeli rus dili mugallymy Jeren Myradowanyň, 1-nji derejeli türkmen dili we edebiýat mugallymy Gülçemen Kuradowanyň atlaryny ýatlamalydyrys. Bir söz bilen aýdanymyzda, döredijilikli zähmet ýeňşe ýetirýär.

Tirkiş BALŞAÝEW.
Sakarçäge etrabyndaky
15-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 02.11.2023

Tmpedagog