20.11.2023 Söhbetdeşlik144 .

Göwnümi galkyndyrdy


Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly Garaşsyz döwletimiziň ösüş taryhyna altyn sahypalary yzygiderli ýazýar. Şeýle ajaýyp zamanda okamak, işlemek, döretmek her birimiz, aýratyn-da, ýaşlar üçin beýik bagtdyr.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň bu şanly ýylda geçiren bäsleşiginiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolmagym meniň döredijilik höwesimi hasda artdyryp, täze gözleglere iterdi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, ýurdumyzda ylym, bilim, döredijilik babatda ösüşlere giň ýol açyldy. Ýokary bilimden soň, magistraturalar, aspiranturalar, kliniki ardinaturalar açylyp, ýaş hünärmenler özleriniň hünärleri boýunça ylmy gözleglerini dowam etmäge we ýokary hilli ylmy işleri döretmäge girişdiler. Ýaş hünärmen hökmünde türkmen edebiýatynyň taryhy we şu günki ösüşleri babatda yzygiderli alyp barýan ylmy işlerimiň netijesine şeýle ýokary baha berilmegi meniň göwnümi galkyndyryp, ösüp gelýän ýaş nesiller bilen alyp barýan okuw, usuly we terbiýeçilik işlerimiň hilini has-da kämilleşdirmäge ruhlandyrdy.

Men geljekde-de ylmy we döredijilik gözleglerine daýanýan işlerimi dowam etdirip, täze-täze eserleri dörederin, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza beren bagtyýar durmuşyny wasp etmekde mynasyp goşandymy goşaryn diýip ynandyrýaryn.

Biz — ýaşlara ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

Gülälek SÖÝEŞOWA,
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki
3-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 20.11.2023

Tmpedagog