27.11.2023 Söhbetdeşlik149 .

«Çagalarymyň mugallymy»


Suraý mugallymy men şeýle atlandyrýaryn. Perzentlerimiň üçüsine «a» harpyny öwredip, bilimler dünýäsine ataran bu mähriban ynsany başgaça nähili atlandyryp bilerin. Her haçan mugallym hakda söz açylanda, ilki bilen, başlangyç synp mugallymy göz öňüňe gelýär. Dagy näme?! Bilim ojagynyň gapysyndan ilkinji ädimi ätläniňde, seni ilki başlangyç synp mugallymy garşy alýar ahbetin! Ol hoş sözleri aýdyp, emaý bilen mekdep partasynda oturdýar. Enelik mähri bilen gurşap alyp, ýazmagy, okamagy, sanamagy, surat çekip, aýdym aýtmagy öwredýär. Sen ilkinji sowady ondan öwrenip, «eje» sözüni ýazýarsyň. Soňra sözlerden sözlem düzüp, ylym-bilim ýolunda barha kämilleşýärsiň. Geljekde kim bolup ýetişmegiňde-de başlangyç synp mugallymyň uly orny bardyr. Ol seniň häsiýetiňe ilik-düwme beletdir, nämä ukyplydygyňy eýýämden bilip durandyr, başarnygyň, höwesiň boýunça-da käre-hünäre ugrukdyrmaga çalyşýandyr. Başlangyç synpy tamamlanyňda, sen eýýäm bilimden binýat tutunansyň, ädimleriň ynamlydyr. Ilkinji mugallymyň salgy beren dogry ýoly bilen öňe, diňe öňe tarap barýansyň.

Il arasynda «Suraý mugallym» diýlip tanalýan Ogulsuraý mugallym ençeme ýyllaryň iş tejribesinde körpeleriň, gör, näçesine «a» harpyny öwredip, bilim-terbiýe berendir. Ol bu gün ilkinji zähmet ýoluna başlap, okadyp goýberen okuwçylarynyň agtyklaryna bilim-terbiýe berýär. Her ýylyň harplyk baýramynda synp otagynyň deň ýarysyny diýen ýaly onuň okadyp goýberen okuwçylary tutýar. Olaryň biri çagasynyň, ýene biri agtygynyň şatlygyna goşulmak üçin gelendir. Olaryň arasynda lukman-da, mugallymam, telekeçem, sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan türgenlerem bar. Halypa mugallym olara buýsanýar. Olaryň mekdep ýyllaryny ýatlanda, aglabasynyň ýüz keşbini, häsiýetini, okuwa höwesini çagalarynda, agtyklarynda görýändigini aýdyp, begendirýär.

— Aýlar-ýyllar geçýär, döwür-döwran üýtgäp dur. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň bilim ulgamy hem bedew batly ösüşlere beslenýär. Bu günki başlangyç synp okuwçylarynyň düşünjesem, dünýägaraýşam başgaça. Olar birinji synpdan başlap tehnologiýalar älemine aralaşýarlar, bilimlerini elektron görnüşde ösdürýärler. Çünki olaryň ellerinde hormatly Prezidentimiziň täze okuw ýylynyň başlangyjynda sowgat beren «Bilimli» kompýuterleri bar. Bu kompýuterler arkaly körpe nesil türkmen, iňlis, rus dillerini, söz düzümlerini, saz amallaryny öwrenýär, surat çekýär, hasap amallaryny ýerine ýetirýär. Onsoň 3-nji, 4-nji synpa ýetenlerinde, çagalar eýýäm täze tehnologiýalardan baş çykaryp bilýärler — diýip, Mary şäherindäki 8-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Ogulsuraý Durdyýewa gürrüň berýär.

Aslynda-da, Ogulsuraý mugallymyň çagalar bilen sapak geçiş usuly başgaça. Ol sapakda diňe bir geçilen temany soramak we täze temany düşündirmek bilen çäklenmeýär. Surat çekmäge ökde bolansoň, sapagy suratlaryň üsti bilen düşündirmäge çalyşýar, dürli görkezme esbaplaryndan peýdalanýar. Çagalaryň gatnaşmagynda türkmen halk ertekileri esasynda sahna oýunlaryny guraýar. Türkmen tebigaty barada sapak geçdimi, şol gün çagalary şäheriň owadan seýilgählerine gezelenje alyp çykýar. Ösüp gelýän ýaş nesilleri şähere görk berip oturan saýaly, pürli baglar, al-elwan açylan güller bilen tanyşdyrýar. Haýwanat dünýäsine ýüzlendimi, okuwçylary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine alyp baryp, şol ýerdäki gymmatlyklar bilen tanyş edýär. Ýene bir gün gurjak oýnuna, multfilmlere tomaşa etmegi guraýar. Çagalarda zähmet endiklerini ösdürmek, hünäre höwes döretmek maksady bilen, şäheriň dürli önümçilik kärhanalaryna gezelençleri-de yzygiderli gurnap durýar. Ýene-de bir tapawutly tarapy, gowy okaýan okuwçylaryna öz eli bilen taýýarlan sowgatlaryny gowşuryp, olary yzygiderli höweslendirip durýar. Ussat mugallymyň iş tejribesi şäheriň beýleki mekdeplerinde hem giňden öwrenilýär. Ogulsuraý mugallym şäheriň orta mekdepleriniň mugallymlarynyň öňünde açyk sapaklary geçýär, olara usuly okuwlary berýär.

Çagalarymyň mugallymynyň döwletli ojagynda bolanymda, onuň nowbahar gyzy Selbi ejesinden habar tutmaga gelen eken. Selbi Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini tamamlap, ejesiniň arzyly kärini dowam etdirýär. Ol häzirki wagtda Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 11-nji orta mekdepde matematika mugallymy bolup işleýär. Selbi ýaşlygyna garamazdan, ýurdumyzyň bilim işgärleriniň arasynda geçirilýän bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp gelýär. Ol «Ýylyň mugallymy» bäsleşiginiň Mary şäher tapgyrynda baş baýraga mynasyp boldy. Welaýat bilim bölüminiň guramagynda mugallymlaryň arasynda aýdym-saz boýunça geçirilen bäsleşikde hem ýeňiji bolmagy başardy. Üç mugallym bolup söhbede gyzdyk. Bizi sungat atly jadyly dünýä birleşdirýär. Ogulsuraý mugallym suratçy, Selbi ikimiz — aýdym-sazyň aşygy. Şonuň üçin gürrüňlerimiz hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şan-şöhraty Arşa galýan türkmen sungaty hakda boldy.

Üç gyzy terbiýeläp ýetişdiren enäniň öýi mydama adamly. Gyzlary Meňlidir Ogulnäzik hem günde-günaşa ejelerinden habar alyp durýarlar. Agtyklary Selimdir Azym bolsa, okuwdan boş wagtlarynda mamalarynyň ýanynda bolup, öý işlerine kömekleşýärler. Çagalaryň ählisiniň üýşen güni bu döwletli ojakda saz-söhbet edilýär.

— Döwrümiz — ajaýyp, durmuşymyz — owadan. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz biziň üçin ähli şertleri döredip berýär. Aýratyn-da, ýaş nesliň çuňňur ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda uly işler alnyp barylýar. Çagalarymyz döwrebap mekdeplerde okaýarlar, ýokary bilim alyp, arzyly kärlere, hünärlere eýe bolýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen ýaşlarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça geçirilýän basleşikler, ders olimpiadalary ýaş zehinleri ýüze çykarýar. Ukyp-başarnykly, zehinli ýaşlar Garaşsyz Watanymyzyň geljegini gurujylardyr. Parlak geljegimizi gurujy bagtyýar ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz bimöçberdir — diýip, ussat mugallym buýsançly aýdýar.

Nartäç ÝUSUPDURDYÝEWA,
Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

"Zenan kalby" žurnaly, 25.11.2023

Tmpedagog