03.01.2023 Söhbetdeşlik55 .

Bagtly günler


 Şol gün şäherimizdäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde şahyrlar bilen okuwçylaryň arasynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşmak maňa hem miýesser etdi. Şonda okuwçylar bizden durmuşymyzdaky iň bagtly günler barada soranlarynda, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Çerkez Esenow şeýle jogap berdi:
— Asmany asuda, parahat ýurtda iliň-günüň, maşgala agzalaryň bilen sag-aman örmek uly bagtdyr.
Hemmämiz onuň aýdanlaryny tüýs ýürekden goldadyk. Elbetde, bu aýdylanyň dogrudygyna söz ýok. Ýöne şondan soň oýlandygymça, bagtly günler hakyndaky pikir meni öz erkime goýanokdy. Bir günem «Çaga wagtlaryňda eziz görüp, hormatlan käriňe eýe bolmak has bagtly günleriň biri ahyryn» diýenimi duýman galypdyryn.
Hawa, meniň mugallymçylyk kärini söýmegime obamyzyň ýaşaýjylary sebäp boldular. Olaryň mugallymy sylaýşy hiç zadyň çeni-çaky däldi. Mugallymlar obada iň hormatlanýan adamlardy. Ilkinji işe başlan 16-njy orta mekdebimiň synp otagynyň iň görnükli ýerinde bir akyldaryň: «Gün şöhlesiniň düşýän ýerinde iň hormatly kär mugallymçylykdyr» diýen sözlerini ýazdyryp goýanym henizem ýadymda. Okadan okuwçylarym «Salam, mugallym!» diýenlerinde, begenjimden ganat baglap, uçasym gelýär. Eýsem, bular bagtly günler dälmi näme?

  Sergin saba-säher çagy oýanyp,
  Saglyk bilen örenime buýsanýan.
  Öýden çykyp, aman-esen dolanyp,
  «Işden gelýän» diýenime buýsanýan.

  Şükür, işläp ýörün iller deňinde,
  Göwnüm göterilip, galýar belende,
  Bagtyýar nesilleň güler ýüzünde,
  Ýaşlygymy görýänime buýsanýan.

  Ene-mamalarmyň kesbin öwredip,
  Edep-ekram ýörelgesin ýöredip,
  Mähir bilen gözlerine seredip,
  Çyn ýürekden söýýänime buýsanýan.

  Buýsanyp ajaýyp täze eýýama,
  Guwanyp owadan, eziz Diýara,
  Mugallym diýilen hormatly käre,
  Eýe bolup ýörenime buýsanýan.

Täzegül Japarowa,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt
dillerini çuňlaşdyryp öwredýän
umumybilim berýän ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiň mugallymy.

“Balkan” gazeti, 2022-nji ýylyň 7-nji iýuly.

Tmpedagog