14.12.2023 Söhbetdeşlik68 .

Döredijiligimiň ganatyna öwrülen aýdym (Güller açýar)


Men Balkanabat şäherindäki 13-nji orta mekdepde okaýan wagtlarym döredijilik bilen meşgullanyp başladym. Ilkinji goşgularymy belli şahyr Anna Gurtgeldiýewe görkezipdim. Ol goşgularymy okap görenden soň, birnäçesini saýlap alyp, gazetlere ibermegi maslahat berdi. Halypamyň maslahatyna eýerip, men olary şol wagtky ýaşlar neşiri bolan «Ýaş kommunist» gazetiniň redaksiýasyna iberdim. 1969-njy ýylyň 28-nji iýulynda hem «Ýaşlyk» we «Güller açýar» diýen goşgularym şol gazetde çap edildi. Gazetde öz goşgularymy görüp, begenjimiň çägi bolmady, olar meni has-da ruhlandyrdy.

Şol döwürde Türkmen radiosynyň «Bahar» radiostansiýasynyň aýdym-sazly gepleşiklerini uly höwes bilen diňleýärdik. Bir günem onda belli aýdymçy Öwezgeldi Tekäýew bilen söhbetdeşlik berildi. Şonda ol täze aýdymy döredendiklerini aýdyp, ony ýerine ýetirip berdi. Aýdymyň sözlerini diňlänimde, ol maňa has tanyş eşidildi, çünki ol «Ýaş kommunist» gazetinde çap edilen goşgymdy. Şonda goşgymyň aýdym bolanyna örän begendim.

Geçen asyryň ýetmişinji ýyly bolsa gerek, tomus aýlarydy. Men şäherimizdäki şol wagtky «Şapak» diýip atlandyrylýan elektron önümlerini satýan dükana bardym. Şol ýerde-de maňa aýdymçy Öwezgeldi Tekäýewi görmek nesip etdi. Ol «Güller açýar» diýen goşgyma döredilen aýdymyň Daşkentde ýazylan gramplastinkasyndan üç sanysyny satyn aldy. Şol wagt men oňa özümi tanyşdyrmakdan çekindim. Menem ol gramplastinkadan birini satyn aldym. Ony häzirki güne çenli saklaýaryn.

Bu aýdymy şol döwürde Öwezgeldi Tekäýewden başga-da, onuň şägirtleri hem-de belli aýdymçylaryň biri Nurýagdy Tokgaýew täze heňe geçirip aýtdylar. Häzirki wagtda halypa aýdymçylar Kakadurdy Täjimow, Juma Akgaýew dagy şol aýdymy ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler.

Öz täsirini ýitirmän biziň şu günlerimize çenli radiodyr teleýaýlymlarda, dürli medeni dabaralarda ýaňlanyp gelýän bu aýdym, meniň döredijiligimiň ak ganaty boldy. Munuň üçin halypam Anna Gurtgeldiýewe, ussat aýdymçy Öwezgeldi Tekäýewe, kompozitor Rejep Gutlyýewe alkyşymyň çägi ýok.


Güller açýar

Säher bilen Gün doganda,
Nurun saçýar Türkmenistan.
Myhman bolup gelseň eger,
Gujak açýar Türkmenistan.

Çölüň erki öz elinde,
Nebit, pagta, gaz elinde,
Aýdym bilen saz elinde,
Diller açýar Türkmenistan.

«Ak altynmyz» artýar indi,
Bizi bagta eltýär indi,
Seleňläp wyşka göründi,
Gollar açýar Türkmenistan.

Düşýär çöle nury Günüň,
Gülleri bar Garagumuň,
Joşuşy dek ýüregimiň,
Barha joşýar Türkmenistan.

Ogsoltan MYRADOWA,
Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.

"Garagum" žurnaly, №6-2023

Tmpedagog