23.12.2023 Söhbetdeşlik156 .

OL EŞREPI ÝALY ADAMDY (Ýagşydan at galar)


Ýaşan ömründe ýagşy işleri bitiren adamlar hemişe ýagşylykda ýatlanýar. Şeýle adamlaryň biri öz gysga, manyly ömrüni mugallymçylyk kärine bagyş edip, adamlaryň hakydasynda ýagşy ynsan hökmünde ýatlanyp ýörlen Berdimyrat Baýramowdyr. Il-halk üçin amal edilen işler hiç mahal undulmaýar. Halk paýhasynda aýdylyşy ýaly, «Ýagşylyk iňňäniň gözünden görner». Şeýle bolansoň, Berdimyrat mugallym diýlende, öňi bilen Mary etrabyndaky 22-nji orta mekdepde iňlis dili mugallymy bolup işlän döwründe mekdepde halkymyzyň geçmiş taryhy bilen baglanyşykly muzeýi döretmäge goşan goşandy, öz gujur-gaýraty bilen Akybaý obasynyň adyny alyslyklarda tanadan, obadaşlarynyň bitiren işleri bilen baglanyşykly toplan maglumatlary hem-de huşy metda ýaşululardan ýazyp alan kişiniň geň-enaýy gürrüňleri hakydaňa dolýar.

22-nji orta mekdebiň muzeýi mugallymlarydyr oba ýaşaýjylarynyň tagallasy bilen döredilipdir. Bu işde Berdimyrat mugallym yhlasyny gaýgyrmandyr. Muzeýiň müdiri Täçmyrat Annalyýewiň gürrüň bermegine görä, Berdimyrat mugallym muzeýe Akybaý obasynyň gum depelerinden tapylan gadymy döwre degişli hum küýzeleriň birnäçesini getirip tabşyrypdyr. Berdimyrat mugallym muzeýde halkymyzyň taryhyna degişli gymmatly maglumatlary toplamaga hem ýardam edipdir. Şeýlelikde, onuň Akybaý obasynda ýaşap, halk tebipçiligi ýoly bilen adamlaryň derdine hemaýat goluny uzadan ussa Paýty, Çary ýylançy, Atda Pendili, ýany ýere degmedik Barbary pälwan ýaly adamlaryň durmuşyna degişli gymmatly maglumatlar toplanypdyr. Şu ýerde, Berdimyrat mugallymyň häzirki döwürde ýüzüň onundan giren huşy metda kakasy Baýram aganyň dilinden Barbary pälwanyň durmuşy bilen baglanyşykly ýazyp alan setirleriniň käbirini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

***

Barbary pälwan her sapar göreşe çykmazyndan ozal ilki ak çägäniň goruna gömlüp, yzyndan bir okara saryýagy başyna çekerdi. Onuň arkasynyň ýere degen gezegi ýokdy. Şonuň üçin oňa öz obasyndan alyslarda «Egni baýrakly, çigni ýaglykly» pälwan diýerdiler.

***

Bir toýda uly meýdançada göreş başlanypdyr. Barbary pälwan orta çykyp naw ýaly, bir pälwan bilen göreşe giripdir. Orta çykan pälwanyň göwresine seredeniňde, ony ýykyb-a däl, itekläbem boljak däl eken. Barbary pälwan seresaplylygy elden bermän, ony birdemde göterip, arkasyny mele çägäniň üstünde goýupdyr. Şonda bu ýeňişden joşa gelen toý eýesiniň «Dag aňyrsynda dag bar, ýapy aňyrsynda gaýa» diýen sözlerini bütin il eşidipdir...

***

Berdimyrat mugallym mirasgär Seýitli Söýün bilen hem gatnaşyk saklap, halk mirasyna degişli birnäçe maglumatlary toplady. Seýitli aga onuň Magtymguly Pyragynyň ömrüne degişli il-halkdan toplan rowaýatlaryny öz döreden öý muzeýinde goýdy.

Berdimyrat Baýramow hakynda oýlananyňda, mirasgär Atda Gurbangeldiýewiň «Eşrepi» atly kitabyndaky şu setirler köýüňe dolýar:

Ynsanyň ömrüniň kadasy şeýle,
Kalba akyl sepip gider danalar.
Bu durmuşda unudylsa kimseler,
Kimsäň müň ýyldan soň ýaşy sanalar.

Berdimyrat Baýramow şeýle, unudylmajak adamlaryň hilindendi.

Atamyrat ŞAGULYÝEW.
Žurnalist.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 21.12.2023

Tmpedagog