23.12.2023 Söhbetdeşlik121 .

Mugallym — miweli daragt


Mugallym — miweli daragt ýaly belentlik. Onuň gadyr-gymmaty berýän miwesi bilen ölçenilýär. Ine, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň biologiýa mugallymy Aman Berdimyradow hem bilim dünýäsinde miwesini boldan eçilýän daragtlaryň biri.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndan uçurym bolan ýaş hünärmen eýýäm tutuş welaýatymyzda işi iň netijeli mugallymlaryň biri hökmünde tanalýar. Şol netije bolsa onuň şägirtleriniň döwlet we halkara derejeli dersdir taslama bäsleşiklerinde gazanýan ýokary netijeleri bilen baglydyr.

Aman mugallym we onuň zehinli okuwçylary üçin Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem diýseň düşümli boldy. Deň ýary şanly ýyla gabat gelen geçen okuw ýylynda onuň okuwçylarynyň 9-sy şäher, 3-si welaýat, biri bolsa döwlet derejesindäki bäsleşiklerde ýeňiji boldy.

Zehinli ýaşlary goldamakdan başga-da Aman mugallym mydama öz kämilligini artdyrmagyň üstünde işleýär. Onuň alyp barýan ylmy gözlegleriniň ählisi diýen ýaly, orta we ýokary okuw mekdeplerinde biologiýa dersini okatmagy ýeňilleşdirmek bilen baglydyr. Garaz, ol mydama gözlegde. Ajaýyp döwrümizi bolsa şeýle kämil hünärmenler bezeýär.


"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 21.12.2023

Tmpedagog