23.12.2023 Söhbetdeşlik154 .

Bilim paýlaýan mähriban ynsan


Aşgabat şäherindäki 70-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Orazgül Hojammaýewa mugallymçylyk kärinde 40 ýyla golaý wagt bäri zähmet çekýär. Tejribeli mugallym başlangyç synplara bilim-terbiýe bermekde yhlasyny gaýgyrmaýar, çagalar bilen oňat dil tapyşmagy başarýar.

Käbir sözler gulaga has ýakymly, has mukaddes eşidilýär. «Watan», «Toprak», «Ene», «Ata» ýaly mukaddes sözleriň, düşünjeleriň yzysüre, «Mugallym» sözüniň-de getirilmegi ýöne ýerden däldir. Çünki her bir adamyň durmuşynda uly orny eýeleýän şahsyýet bar. Ol hem — mugallym. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly jöwher paýhasyndan dörän kitabynda şeýle setirler bar: «Mugallym — aýratyn adam. Ol bilim baýlygyny adamlara bagyşlamalydyr. Onsoňam bilim şeýle baýlykdyr, ony ile näçe köp berseň, ol şonça-da artar gider oturar». Ine, şu altyna gaplaýmaly jümlelerden hem görnüşi ýaly, «bilim paýlaýan ynsan» mukaddes käriň eýesi — mugallym. Mugallymlara bilimiňi paýlaşmak, öz bilýänleriňi ýaş nesillere öwretmek, olara terbiýe bermek, görelde görkezmek, hemişe öwrenmek, okamak ýaly asylly häsiýetler mahsus.

«Mugallym», «mekdep» diýen sözlerde keramat, gudrat bar. Hususan-da, başlangyç synplarda okadan, eliňden tutup, saňa ilkinji bolup harplarydyr sanlary ýazmagy öwreden mugallymyň orny bütinleý başgaça. Ençeme okuwçynyň kalbynda yssy orny eýelemegi başaran şeýle mähriban ynsanlaryň biri-de, başlangyç synp mugallymy Orazgül Hojammaýewadyr. Bu tejribeli mugallym bilen tanyşmak, gürrüňdeş bolmak maksady bilen biz halypanyň zähmet çekýän mekdebinde bolduk. Güler ýüzli mugallymyň okuwçylara sapak öwredýän täsirli pursatlaryna şaýat bolduk.

Halypa mugallym çagalygyndan mugallymçylyk kärine höwes edipdir. Çagalar bagynda ýa-da mekdepde mugallym bolup işlemek onuň esasy maksatlarynyň biri bolupdyr. Bu barada mugallym: «Çaga wagtlarym hem bilýänlerimi deň-duşlaryma, özümden kiçi çagalara öwretmäge çalşardym. Hatda goňşularymyzyň çagalaryny hem oýnadardym. Olar bilen sapak geçişim, harplary öwredişim şu günki ýaly ýadymda. Şol wagtlar men ulalan wagtym çagalar bilen işleşerin diýip arzuw edýärdim. Şol çagalykda eden esasy arzuwym hasyl boldy. Has takygy, 1984-nji ýylyň sentýabrynda mugallymçylyk kärine başladym. Okuwçylarymyzyň ylymly-bilimli, watansöýüji, il-güne gerekli adamlar bolup ýetişmekleri her bir mugallymyň, meniňem baş maksadym» diýip, buýsançly gürrüň berdi. Halypa mugallymyň bu sözleri aýdyp berýän mahaly, öz kärini näderejede söýýändigine, çagalary okatmakdan lezzet alýandygyna gürrüňsiz göz ýetirip bolýar.

«Okadan okuwçylarymyň arasynda şu mekdepde mugallym bolup işleýänleri-de, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýänleri-de bar. Öz bilim, terbiýe beren okuwçylarymyzyň dürli käriň eýesi bolup, Watanymyza, il-günümize peýdaly ynsanlar bolup ýetişmegi mugallymyň zähmetiniň, yhlasynyň ýerine gowşandygynyň nyşanydyr. Mugallymyň jan aýaman siňdiren yhlasynyň miwesidir» diýip gürrüň beren mahaly mugallymyň öz okuwçylarynyň üstünliklerine çaga ýaly begenýändigini görmek biziň üçin hem diýseň ýakymly boldy.

«Mugallym nähili bolmaly?» diýen sowalymyza halypa gysgaça şeýleräk jogap berdi: «Mugallym öz bilim, ylym goruny hemişe baýlaşdyryp durmaly. Has takygy, mugallym hemişe öwrenmegini dowam etmeli. Ol sypaýy bolmaly, her bir çaganyň dilini tapmaly. Okuwçylara sapak berýän wagtyň görkezme esbaplaryny ulanmaly. Ähli çagany deň derejede görmeli. Ata-eneler bilen işjeň aragatnaşyk saklamaly. Olar bilen okuwçylaryň sapaklara ýetişigi barada maslahatlaşyp durmak oňat netijesini berýär. Gowşak okaýan çagalara has köp üns bermeli». Şeýle mylaýym, süýji sözli halypanyň okadýan okuwçysyny öz çagasy ýaly ezizleýändigine, olaryň ylymly-bilimli, watansöýüji, ilhalar ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda aladalanýandygyna şaýat bolduk.

Bu mukaddes käre öz ykbalyny bagyşlan Orazgül mugallym il içinde uly hormat-sylaga mynasyp bolmagy başaran halypalaryň biri. Mugallymyň ýaş nesillerimize bilim, terbiýe bermekde alyp barýan işlerine mynasyp baha berlip, ol şu ýyl, ýagny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy. Biz hem halypa mugallymy döwlet sylagyň eýesi bolmagy bilen gutlaýarys. Watana, il-gününe yhlas bilen hyzmat etmekde görelde alarlyk bu mugallyma «Şeýle sylaglaryňyzyň dowamy kän bolsun!» diýýäris.

Halypa mugallymy ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutladyk. Mähriban mugallym hem pursatdan peýdalanyp, öz ýürek arzuwlaryny şeýle beýan etdi: «Täze ýyl düşümli bolsun! Çagajyklaryň, mekdep okuwçylarynyň ählisine Täze ýylda — 2024-nji ýylda okuwlarynda uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýärin. Goý, olar hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişsinler. Ýurdumyzyň gülläp ösmeginde öz mynasyp goşantlaryny goşjak ugurtapyjy, ukyp-başarnykly, gujurly ýaşlaryň kemala gelmeginde paýymyzyň uludygyna hem buýsanýarys, hem-de bu bizi hemişe has jogapkärli bolmaga borçlandyrýar».

William Glasseriň «Çaga geljeginiň başarnygyna esasy sebäp bolýan ýeke-täk kişi, onuň başlangyç synp mugallymydyr» diýip belleýşi ýaly, halypa mugallym hem her bir çaganyň nämä yhlasynyň has ýokarydygyny, haýsy ugurdan zehininiň artykmaçlygyny ilkinji bolup duýýar we bu babatda çynlakaý aladalanýar.

Biz hem asylly käriň eýesi bolan halypa mugallyma işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris. Orazgül mugallym ýaly, ýeňil bolmadyk bu käri saýlap alan ähli «bilim paýlaýan ynsanlara» çyn ýüregimizden köp sagbolsun aýdýarys. Çünki ylymly-bilimli, watansöýüji, başarjaň hem ugurtapyjy ýaşlaryň kemala gelmeginiň sakasynda mähriban mugallymlaryň yhlasly zähmeti ýatyr.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan ägirt uly tagallalarynyň netijesinde mugallymlara ruhlanyp zähmet çekmek, mekdep okuwçylarymyza bolsa dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän ak mekdeplerimizde okamak, öwrenmek galýar.

Güljahan MYRADOWA,
«Güneş».

"Güneş" žurnaly, №12-2023

Tmpedagog