30.12.2023 Söhbetdeşlik288 .

Mugallymyň öz orny bar


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda ylym--bilim almaga, okamaga, döretmäge, sport bilen meşgullanmaga, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge ähli şertler döredilýär. Çünki, Garaşsyz döwletimizde ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde derwaýys işler amala aşyrylýar.

— Geljegimiz bolan ýaş nesillerimize bilim-terbiýe bermekde Murgap etrabynyň Oguzhan şäherçesindäki 40-njy orta mekdebiň tejribeli mugallymlary döredijilikli, işjeň usulda işleýärler. Şeýle, işjeň usulda işleýän mugallymlaryň biri-de birinji derejeli taryh we jemgyýeti öwreniş mugallymy Jeren Atamyradowadyr. Onuň taýýarlaýan okuwçylary etrapdyr welaýatda geçirilýän bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar — diýip, mekdebiň müdiri Döwletgeldi Jumaýew gürrüň berdi.

Müdir mamla. Mekdebiň birinji derejeli taryh we jemgyýeti öwreniş mugallymy Jeren Atamyradowa guramaçy, işbaşarjaň mugallym. Ol golaýda işiniň daşyndan bilimini ýokarlandyrmak maksady bilen welaýat boýunça taryh mugallymlaryň elde ýasalan görkezme esbaplaryň “Taryha syýahat” atly sergisinde 1-nji orny eýeläp, diploma mynasyp boldy.

Tejribeli, iş başarjaň mugallym Jeren Atamyradowa 2011-nji ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny üstünlikli tamamlaýar. Ol häzirki zähmet çekýän mekdebinde tejribeli mugallymlaryň hatarynda tanalýar.

— Esasan-da, ýerine ýetirýän işiň manysyna oňat düşünmeli. Mugallym hemme ýerde we hemişe mugallymdyr — diýip, söhbetdeşimiz Jeren mugallym ynamly aýtdy.

Çary AMANGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 28.12.2023

Tmpedagog