13.01.2024 Söhbetdeşlik176 .

Halypa mugallymyň ömür menzilleri


Adam öz ruhy dünýäsine muwapyk söhbetdeş tapanda guwanar ýörer eken. Meniň durmuşymda şeýle pursatlaryň biri döredijilik dünýäsi hakynda söhbet etmekçi bolýan kişimiz — şahyr, mugallym Çerkez Esenow bilen ilkinji duşuşygymyzda bolup geçipdi.

Ol şol duşuşygymyzda meniň hikmetli söhbetlere teşne kalbyma gozgalaň salmagy başarypdy. Soňlugy bilen bize uzak wagtlap dostluk, döredijilik aragatnaşygyny saklamak miýesser etdi. Şu döwür içinde men onuň sada, ynsanperwer, kärine kämil, takwa kişidigine göz ýetirdim.

Çerkez Esenow 1948-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Baýathajy geňeşliginde mugallym maşgalasynda dogulýar. 1966-njy ýylda Etrek etrabynyň Akýaýla obasyndaky 2-nji orta mekdebi tamamlap, şol ýyl Türkmenabat şäherindäki häzirki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň matematika fakultetine okuwa girýär. Bu ýokary okuw mekdebini 1970-nji ýylda tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. 1970 — 1971-nji ýyllarda şol institutda işleýär, şol ýerden hem harby gulluga gidýär.

Harby gullukdan gelip, 1973-nji ýylda Balkanabat şäherindäki 9-njy orta mekdepde matematika mugallymy bolup işe başlaýar. Häzir bolsa Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde ýaşlara matematika dersinden sapak berýär.

Çerkez aga mugallym bolup işlän ýyllarynyň dowamynda mekdepde we mekdepden daşary geçirilýän çärelerde hemişe ýaş kärdeşlerine görelde görkezip gelýär. Ussat halypa hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyna degişli özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegine goşant goşýar. Şeýle hem Çerkez mugallym çaga terbiýesiniň meselelerine, Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsine degişli ýazan makalalary bilen döwürleýin neşirlerde, teleradioýaýlymlarda yzygiderli çykyş edýär.

Ony ýakyndan tanaýan şägirdi — Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalyň eýesi Orazmämmet Begjanow şeýle gürrüň berýär:

— Men Balkanabat şäherindäki 9-njy orta mekdebe ýaňy işe gelenimde, Çerkez aga mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasarydy. Şol döwürde onuň matematika dersinden taýýarlaýan okuwçylary welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde orun alyp gelerdiler. Ç.Esenow meniň ilkinji halypalarymyň biri.

Onuň häzirki işleýän mekdebiniň müdiri Maýsa Annataganowa bolsa:

— Çerkez halypa ussat mugallym hem ussat şahyr. Ol biziň mekdebimiziň ýüzüniň tuwagy. Onuň sapak beren okuwçylarynyň birnäçesi häzir mugallym bolup işläp ýörler. Çerkez mugallym welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän medeni-köpçülik çäreleriniň hormatly myhmany. Biz kärine kämil şeýle mugallymymyzyň barlygyna guwanýarys — diýip gürrüň berdi.

Çerkez mugallym şygryýetde-de:

Keseden neneňsi görünýän bolsam,
Nebsiňiz agyrtmaň kemligim bilmän.
Älem sygýar meniň içki dünýäme,
Baha bermäň maňa kimligim bilmän —

diýip, öz ýürek kelamyny aýdýar.

2013-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan onuň «Iki işik arasy» diýen ilkinji goşgular ýygyndysy çap edildi. Şol kitaba girizilen goşgularda, rubagylarda, üçlemelerde ynsan kowumynyň ahlak keşbi yzarlanýar.

Golaýda nesibe çekip, Çerkez şahyryň goşgular toplumy bilen tanyşmak miýesser etdi. Şahyr bir wagtky dogduk obasyna salama barýar. Ol şol pursatdaky ýürek joşgunyny:

Gözelligiň öýmesini örtünip,
Eziz obam, öwrülmiş sen uçmaha.
Sallançakly gujagyňda apalap,
Joşgun berýäň,
Ganat gerýäň,
Asmanyňda uçmaga —

diýen setirlerde beýan edýär.

Dörediji adam bir zada begenende, guwananda, ýüregi joşa gelýär. Eýsem-de bolsa, parahat, asuda asmanyňda Aýyň, Günüň dogup-ýaşyp dursa, halkyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşap ýörse, kalbyň joşa gelmezmi?! Onsoň şol eşretli, bagtyýar durmuşy bize peşgeş eden Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, eziz Watanymyzy alkyşlaýarsyň. Ynha, Çerkez şahyryň kalbynyň owazy:

Meniň ykbalymdan geçmedi sowa,
Arkadagly bu ajaýyp zamana.
Döwranlar dolanyp, özgerdi gowa,
Ösüşler, üstünlik boldy rowana.

Sallançakly gujagyňda üwrelip,
Hyzmat etdim, ömrüm ile bagyşlap,
Gitsem, özüm bilen alyp giderin,
«Watan» adyň ýüregimde nagyşlap.

Başga bir ýerde ol Watanyna bolan egsilmez söýgüsini şeýle beýan edýär:

...Sygmasaňam gujagma,
Ýerleşensiň gursakda.
Zybandaky gazalym —
Aýdymlarym sen hakda.

Şahyr yşky-liriki temada hem birnäçe goşgulary döredipdir. Onuň liriki gahrymany özüniň ýitiren söýgüsini bu jahandan nesibesi aýrylýança, özüne hyýaly umyt berip, unudarly däl.

Çerkez şahyryň 2022-nji ýylda «Yşk heseri» atly ýene-de bir kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi.

Baýry mugallyma mugallymçylyk kärinde-de, şygryýet äleminde-de, üstünlikleri arzuw edýäris. Ol ýaşlara bilim öwretmekde hemişe öň hatarda. Bu ugurda bitiren hyzmatlary üçin ol 2014-nji ýylda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglandy. 2019-njy ýylda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen oňa «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy.

Şu ýazgylaryň üsti bilen Çerkez mugallyma «Gadamyňyz batly, galamyňyz ýiti bolsun!» diýýäris.

Hangylyç TAGANGYLYJOW,
Türkmenistanyň ussat mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 10.01.2024

Tmpedagog