15.02.2024 Söhbetdeşlik164 .

Halypa mugallymyň hatyrasy


Bilim işgäri Öwezgeldi Ataýewiň durmuş ýoly we mugallymçylyk iş tejribesi hakynda söhbet

Öz käriniň ussady bolup, ýagşy işleri bitiren hem-de köpleriň alkyşyna we hormat-sylagyna mynasyp bolan ynsanlar hakda oýa batanyňda, parasatly pederlerimiziň döreden «Iş bitirseň — il tanar» diýen pähimi biygtyýar ýadyňa düşýär. Şol ynsanlaryň atlary-da, durmuşda amal eden işleri-de il içinde dilden-dile geçip, nesillere mynasyp görelde mekdebi bolup ýaşaýar.

Biziň söhbedini etmekçi bolýan halypa kärdeşimiz diňe bir Ahal welaýatynda däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň çäginde hem giňden tanalýan, hatyralanýan, özüniň halal zähmeti bilen köpleriň hormat-sylagyna we alkyşyna mynasyp bolan bilim işgärleriniň biri. Onuň belent adamkärçilik sypatlary, tutanýerliligi, öz kärine bolan çuňňur yhlasy we egsilmez söýgüsi, ýokary guramaçylyk ukyby köplere görelde alarlykdyr. Oňa il içinde, köplenç, Öwez mugallym diýip, uly hormat bilen ýüzlenerdiler. Ol ömrüniň 67 ýylynyň 50 ýylyna golaýyny ýaş nesle edep-terbiýe bermek we bilim-ylym öwretmek, mekdebe ýolbaşçylyk etmek işlerine bagyşlan ynsan, il içinde hatyralanýan halypa.

Öwezgeldi Ataýew 1956-njy ýylyň 10-njy ýanwarynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda daýhan maşgalasynda dünýä indi. Onuň oglanlyk ýyllary şu obada geçdi. Obadaky 11-nji mekdepde okady.

1973-nji ýylda oba mekdebini ýokary bahalar bilen üstünlikli tamamlandan soňra, şol ýyl Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetine okuwa girdi. Öwezgeldi ýokary okuw mekdebinde okan ýyllarynda talyp deň-duşlaryna görelde boldy, ähli dersler boýunça sapaklaryna gowy ýetişmäge, mugallymlarynyň ýokary bahasyny we berekellasyny almaga jany-teni bilen yhlasly ýapyşdy. Ol uniwersiteti ýokary bahalar bilen tamamlap, höwes eden türkmen dili we edebiýat mugallymy diýen hormatly käriň eýesi boldy.

Ýaş hünärmeni öz edep-terbiýe we bilim alan mekdebine — Gökdepe etrabyndaky 11-nji orta mekdebe türkmen dili we edebiýaty mugallymy wezipesine işe ýolladylar. Şu ýerden hem Öwezgeldi Ataýewiň bilim ulgamyndaky zähmet ýoly başlandy. Ol ömrüniň ahyryna çenli tutanýerli zähmeti bilen uly hormat-sylaga mynasyp boldy.

Öwezgeldi mugallym ýaş nesle ene dilimizi we edebiýatymyzy, gymmatly milli mirasymyzy yhlasly öwretdi, çagalarda türkmen diliniň ýazuw we dil kadalaryny, medeniýetli sözlemegiň usullaryny hem-de inçe tilsimlerini terbiýelemek onuň baş aladasy boldy.

Işine ezber mugallymyň tutanýerli we yhlasly zähmetini, mugallymçylyk kärine bolan ýokary jogapkärçiligini nazarda tutup, ony 1985-nji ýylda Gökdepe etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw we terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary wezipesine bellediler. Ol öz hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrdy we mugallymçylyk ussatlygyny barha kämilleşdirdi.

1985-nji ýylda Öwezgeldi mugallyma uly ynam bildirilip, ony etrapdaky 32-nji orta mekdebiň müdiri wezipesine bellediler. Ol halal we döredijilikli zähmeti, tutanýerliligi, iň esasysy-da, belent adamkärçilik sypatlary bilen tiz wagtyň içinde uly iliň hormat-sylagyna we alkyşyna mynasyp bolmagy başardy.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2009-njy ýylda Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda üç gatly döwrebap mekdep binasy gurlup ulanylmaga berildi. Ol mekdebe ilhalar ynsan, watançy esger, mugallym Berdimuhamet Annaýewiň adynyň dakylmagy bolsa ýurdumyzyň bilim işgärlerini begendirdi we buýsandyrdy. Bu döwrebap bilim ojagyna ýolbaşçylyk etmek, tejribeli bilim işgäri Öwezgeldi Ataýewe ynanyldy. Munuň özi Öwezgeldi mugallymyň bilim ulgamynda çekýän halal, tutanýerli zähmetine, öz kärdeşlerine bolan hormat-sarpasyna, olar bilen agzybirlikde okuw-terbiýeçilik işlerini döwrüň ýokary talaplaryna laýyk derejede gurap bilýändigine bolan belent ynamdy.

Täze orta mekdebiň Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Döwlet usuly merkezi diýlip yglan edilmegi bu bilim ojagynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik we usuly işleri täze hil derejä çykarmagy, ony döwrüň ýokary talaplaryna laýyk edip guramagy talap edýärdi. Öwezgeldi halypanyň yhlasy netijesinde mekdebiň mugallymlary bu wezipeleriň hötdesinden gelmegi başardylar.

Öwezgeldi aga aýdym-saza höwesek we zehinli okuwçylardan dutarçylar toparyny döredip, ýaş nesilde milli mirasymyza buýsanjy we söýgini terbiýelemekde goşant goşdy. Munuň özi okuwçylaryň okuwdan boş wagtlaryny peýdaly işlere sarp etmekleri, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döretdi.

Ýeri gelende bellesek, mekdebiň aýdym-saz mugallymy Öwezmyrat Agalyýewiň çeper ýolbaşçylygyndaky bu dutarçylar topary 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp boldy. Mekdebiň bu üstünligine Öwezgeldi mugallymyň juda begenendigine biz gözli şaýat bolduk.

Öwezgeldi mugallym ýolbaşçylyk edýän mekdebinde zähmet çekýän her bir adamyň, ylaýta-da, ýaş mugallymlaryň iş-aladalaryna, olaryň öz hünär derejesini ýokarlandyrmak we ylym bilen meşgullanmak baradaky başlangyçlaryna uly höwes bilen kömek we goldaw bererdi. Biz şu mekdepde mugallym bolup işlän, häzirki wagtda bolsa Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 17-nji orta mekdepde zähmet çekýän ýokary derejeli mugallym Tylla Mämmedowa bilen söhbetdeş bolanymyzda hem munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirdik. Tylla mugallym Öwezgeldi Ataýew baradaky ýakymly ýatlamalaryny bize şeýle gürrüň berdi:

— Harby serkerdäniň maşgalasy bolandygym üçin 2012-nji ýylda Öwezgeldi Ataýewiň müdirlik edýän Yzgant obasyndaky Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän 27-nji orta mekdebinde zähmet ýolumy dowam etdirdim.

Öwezgeldi aga mekdepde zähmet çekýän mugallymlaryň islendik başlangyjyna elinde baryny edip, goldaw bermegi, gerek ýerinde usuly maslahat bilen, gerek bolsa durmuşy nesihatlar bilen ganatlandyrmagy başarýan ýolbaşçydy.

Öwezgeldi mugallym ezber we juda talapkär halypady. Ol ýokary adamkärçilikli, mugallymçylyk tejribesinden ýüki ýetik, il içinde abraý-mertebesi we hormat-sylagy belent ynsandy. Öwezgeldi Ataýew şeýle adamdy. Ýokary derejeli mugallymyň belleýşi ýaly, halypa mugallymyň abraýy belentdi.

Halkymyzda «Ýagşy bilen sözleşseň, köňül açylar» diýen nakyl bar. Bu halk pähimini ýatlanymda, Öwezgeldi mugallymyň baý many-mazmunly we täsirli söhbetleri biygtyýar hakydaňa gelýär. Çünki ol giň dünýägaraýyşly we süýji söhbete diýseň ussat ynsandy.

Öwezgeldi aga örän täsirli we gyzykly, ýürekdeş söhbetdeşligi guramagy başarýan adamdy. Halypa mugallymyň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy hem-de naýbaşy gymmatlyklarymyzyň biri bolan behişdi ahalteke bedewlerimiz barada eden süýji we täsirli söhbetleri aýratyn ýadymda galypdyr. Ol Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna, onuň nakyllara öwrülip giden pähimli şygyrlaryna aýratyn gyzyklanma bildirip, söhbetdeşliklerde olara häli-şindi ýüzlenerdi. Beýik akyldaryň ajaýyp şygyr setirleri bilen söhbetdeşlige özboluşly öwüşgin bererdi. Halypa mugallym söhbetdeşligimiziň dowamynda Magtymguly Pyragynyň aşakdaky goşgy setirlerini ýygy-ýygydan mysal getirerdi:

Adam bolsaň gulak goýgul öwüde,
Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr
(«Söhbet ýagşydyr»).

* * *

Bildigiňçe mydam ýagşy sözlegil,
Ýagşy söz tapmasaň otur sem bolup
(«Jem bolup»).

Biz şu makalany taýýarlap ýörkäk halypany ýakyndan tanaýan tanymal adamlaryň biri — Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy Annabaýram Paýaýew bilen hem söhbetdeş bolduk. Şonda söhbetdeşim Öwezgeldi mugallymyň belent adamkärçilik sypatlary, öz hünärine bolan çäksiz yhlasy we söýgüsi, tutanýerliligi, nurana bedewlerimiz bilen içgin gyzyklanmasy, dogduk obasynyň taryhyny öwrenmäge bolan üýtgeşik höwesi barada bize şeýle gürrüň berdi:

— Yzgantly mugallym Öwezgeldi Ataýew barada ýakymly ýatlamalar az däl. Ýöne başardygymdan şolaryň käbirini ýatlap geçeýin. Dogrusy, onuň bilen iň ilkinji tanyşlygym 1970-nji ýyllaryň ahyrlarynda bolupdy. Ol döwürler men Gökdepe etrap gazetiniň fotohabarçysy bolup işleýärdim. Döredijilik sapary bilen Yzgant obasynda ýerleşýän 11-nji orta mekdebe barypdym. Has göreldeli mugallymlary soranymyzda, mekdep müdiri Amanguly Nuryýew, ilki bilen türkmen dili we edebiýaty mugallymy Öwezgeldi Ataýewiň adyny tutupdy. Şol ýerde düşürilen fotosuratlaryň ählisi-de gazet sahypalarynda öz ornuny tapypdy. Öwezgeldi mugallymyň suraty bolsa «Mugallymlar gazeti» gazetinde çap bolupdy.

Ondan bäri ýoňsuz wagt geçdi. Şol ýyllaryň içinde onuň bilen ençeme gezek duşuşmak, döredijilik, mekdep, oba durmuşy hakynda söhbetdeş bolmak miýesser edipdi. Onuň bilen haýsy ugurdan gürrüň gozgasaň-da, gürrüňdeşi bilen dessine «dil» tapyşýardy. Özi-de gürrüň berýän wakalaryny diýseň beletlik bilen aýdýardy. Şeýle adam bilen gürrüňdeş bolsaň, onuň ýanyndan aňsat-aňsat «gopasyň» gelenokdy.

Öwezgeldi mugallymyň gönümeliräk häsiýeti bardy. Öz belliklerini delillendirip aýdardy. «Göwnüňe alma, biz bir oba adamy. Göwün islegimizi aýdaýýas-da» diýerdi. Onuň bu häsiýeti maňa diýseň ýaraýardy. Sebäbi döredijilik adamy hökmünde onuň aýdýan bellikleri, teklipleri, maslahatlary meniň öz işime-de oňyn täsirini ýetirýärdi. Soňky duşuşyklarda bolsa, ol: «Ana, gördüňmi, özüňdäki üýtgeşikligi?!» — diýip, özüňdenem beter begenerdi.

Ol uly bilen uly, kiçi bilen kiçi ýalydy. Etrap merkezinde ýanýodadan barýarkam, gabadymdan geçibräk bir awtoulag saklandy. Men oňa ünsem bermändirin. Awtoulagdan düşen kişi adymy tutup gygyrdy. Ine, seretsem, Öwezgeldi mugallym. «Ýöräp barýanyňy gördüm-de, salamlaşaýyn diýip saklandym» diýip, ýylgyryp dur.

Ol hünäri boýunça türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolsa-da, köp ugurdan habarlydy. Men bu ýagdaýlara köp gabat gelipdim. Şeýle bir wakanam ýatlaýyn. Kel bagşy barada gyzyklanyp soranymda, ol barada öň eşitmedik zatlarymyň ençemesini aýdyp berdi. Özi-de, diňe bir Kel bagşynyň döreden sazlaryny birin-birin ýatlap geçmän, olaryň käsiniň döreýiş taryhy barada-da gyzykly gürrüňleri aýdyp beripdi.

Umuman aýdanyňda, tejribeli mugallym Öwezgeldi Ataýew diýseň köptaraply kişidi. Ol ukyp-başarnygyny, yhlasyny, ýürek mährini öz zähmet çeken mekdebine ak ýürekden bagyş edipdi.

Ýaşuly žurnalistiň bu sözleri örän täsirli. Hawa, Öwezgeldi mugallymyň obanyň taryhy, meşhur adamlary, obadaşlarynyň seýislän we öz döwründe aýlawlary baglan behişdi ahalteke bedewleri barada toplan baý maglumatlary gymmatly hazyna. Ol gymmatly hazyna aýratyn öwrenilmäge mynasyp.

Biz ýakynda Öwezgeldi mugallymyň zähmet çeken we uzak ýyllaryň dowamynda ýolbaşçylyk eden hem-de 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň başynda maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen mekdep diýen dereje berlen Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde myhmançylykda bolduk. Bu bilim ojagynda alnyp barylýan gündelik okuw-terbiýeçilik işleri bilen ýakyndan tanyşdyk. Mugallymlaryň guraýan sapaklaryna gatnaşdyk hem-de olaryň ösüp gelýän ýaş nesle mynasyp edep-terbiýe we ýokary hilli bilim bermek boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýändiklerine göz ýetirdik. Mekdepde zähmet çekýän mugallymlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolanymyzda hem tanymal bilim işgäri Öwezgeldi Ataýewi, onuň milli bilim ulgamynyň ösüşine goşan mynasyp goşandy hakda ýatladyk. Söhbetdeşligimiziň dowamynda Öwezgeldi aganyň şägirdi mekdep müdiri, Ogulşat Durdyýewa öz halypasyny ýatlap şeýle diýdi:

— Halal ýaşap, halal zähmet çeken we köpleriň alkyşyny alan mekdep müdiri Öwezgeldi mugallym hemişe ýatlanmaga mynasyp ynsanlaryň biri. Mähriban halypamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şägirdi bolup ýatlamak meniň üçin has-da ýakymly. Hawa, Öwezgeldi mugallym öz işiniň ussady, diýseň ýatkeş, talapkär, tejribeli we watansöýüji ýolbaşçydy. Ol meniň okuwçy döwrümde mekdep müdiri wezipesinde zähmet çekýärdi. Okuwçylar ýüzi-gözi agras, gepi-sözi gönümel bolsa-da, mähriban mugallymy diýseň hormatlaýardylar. Ol diňe bir bize däl, eýsem, hemmelere görelde görkezmegi başarardy. Biziň mähriban mugallymymyz örän talabedijidi, öz halal we yhlasly zähmeti bilen nesil terbiýesinde köpleriň kalbynda mynasyp orun alan ynsandy. Öwezgeldi mugallym okuwçylar bilen ýygnaklarydyr maslahatlary, duşuşyklary geçirende, olara diňe gowy okamagy ündemek bilen çäklenmezdi. Bize düzgün-tertipli bolmagy, iň esasysy-da, il-ýurdy, Watany söýmegi hemişe wesýet ederdi. Mekdebimiziň owadan binasyna giren ýeriňde sag tarapda watançy esger, hormatly

mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň «Dowamat dowam bolsun... Nesiller bagtyýar durmuşda ýaşasyn!» diýen pähimli sözleri ýazylan heýkeliniň öňünde mekdep müdiriniň maňa ýüzlenip, pähimdar pederlerimiziň «Yhlasa — myrat» diýip, aýdan nakyly müdimilik ýadymda galdy. Mähriban mugallymyň aýdan şol we beýleki nesihatlaryndan ugur alyp, mekdebi üstünlikli tamamlap, nesibäm çekip, ýurdumyzdaky baýry ýokary okuw mekdepleriň biri bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna okuwa girdim. Halypamyň nesihatlaryna we öwüt-ündewlerine eýerip, yhlasly okadym hem-de bu ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamladym.

Öwezgeldi mugallym talyp döwrümde-de okuwlarymyň gidişi, institutda okaýşym barada ýygy-ýygydan gyzyklanyp durardy. Okuwymy üstünlikli tamamlap, öz edep-terbiýe we bilim alan mekdebimde mugallym bolup zähmet ýoluma başladym. Men öz zähmet ýolumy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet aganyň adyny göterýän mekdepde başlanlygym üçin özümi örän bagtly saýýaryn. Mekdepde hünär derejämi yzygiderli ýokarlandyryp, bilimimi artdyryp, mugallymçylyk kärine ymtylmagyma uly ýardamlary edeni üçin Öwezgeldi mugallyma çuňňur sarpa we uly hormat goýýaryn.

Häzirki döwürde mekdep müdiri wezipesinde zähmet çekýärkäm, talapkär halypamyň maňa ýüzlenip: «Gördüňmi, Ogulşat gyzym, yhlas bilen ýapyşsaň bitmejek iş ýokdur, nesip bolsa, ýaş nesle bilim-terbiýe berip, biziň ornumyzy eýelemeli, kesbimizi mynasyp dowam etdirmeli siz ýaly şägirtlerimizdir” diýen sözlerini häli-şindi ýatlaýaryn. Durmuşda hemişe mähriban mugallymym ýaly bolmaga çalyşýarys.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz biz — ýaşlara uly ynam bildirýär. Hormatly Prezidentimiz halkymyza sowgat beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir. Çünki adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýaşlaryň başarnygyny, kuwwatyny milletiň, adamzadyň bähbidi, dünýäniň parahatçylygy üçin ulanmak esasy wezipeleriň biridir» diýip nygtaýar. Umumybilim berýän orta mekdeplerde zähmet çekýän mugallymlaryň esasy borjy sanly tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykaryp bilýän, eziz Diýarymyzy has-da ösdürjek watansöýüji, zehinli, zähmetsöýer, kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmekden ybarat bolup durýar. Şeýle asylly maksada ýetmekde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bize giň mümkinçilikler döredilen. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýaşlaryň mynasyp edep-terbiýe, döwrebap we ýokary hilli bilim almagynda zehinimizi we yhlasymyzy gaýgyrman halal zähmet çekeris.

Ýaş we başarjaň, kalby hyjuwdan doly mekdep müdiriniň aýdan bu sözleri hem örän täsirli. Hatyraly halypa, bilim ulgamynda uly abraý-hormata mynasyp bolan kärdeşimiz Öwezgeldi Ataýewiň köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli we köplere nusga alarlyk zähmetine döwletimiz tarapyndan mynasyp baha berildi. Ol 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň

Permany esasynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyza peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda: «Terbiýe we tejribe — ynsan ykbalynyň goşa ganaty. Alan terbiýämiz ykbalymyza, alnymyza täsir edýär. Amal edýän her işimiz tejribämize öwrülýär. Tejribe bolsa diňe özüň gazanylýan, ýöne il-gün bilen paýlaşylýan hazynadyr. Gowy zatlar, il-halka ähmiýetli zatlar paýlaşyldygyça, olaryň berekedi artmak bilen bolýar» diýip belleýär. Öwezgeldi mugallym hem ýaşan manyly ömrüniň dowamynda durmuşda alan terbiýesini we toplan baý mugallymçylyk tejribesini — gymmatly hazynasyny il-güni, kärdeşleri bilen paýlaşdy. Ol şeýdibem il içinde uly abraýa, hormat-sylaga mynasyp boldy.

Sapargeldi DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri,
biologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 14.02.2024

Tmpedagog