03.01.2023 Söhbetdeşlik76 .

Halypa mugallym Şyhy Şyhyýew bilen söhbetdeşlik.


Halypa mugallym geliň söhbetdeşligimizi bizi gyzyklandyrýan esasy soragdan başlalyň. Bu käri saýlamagyňyzyň sebäbi?
 —Men hiç wagt mugallym bolaryn diýip çaklamandym. Çaga wagtym kosmonawt Ýuriý Gagariniň kosmos giňişligine ilkinji bolup çykandygyny eşidenimde “Men hem ulalanymda hökman uçarman bolaryn, iň ussat kosmonawtlaryň hataryna goşularyn” diýip arzuw ederdim. Okuwçy döwrüm bolsa niýetim nebitçi bolmakdy, aýlanyp ýurdumyzyň dürli künjegini görmekdi. 10-njy synpy tamamlap paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, şol wagtky Politehnika institutyna resminamalarymy tabşyrdym. Emma meni entek ýaş hasaplap, giriş synag toparynyň agzalarynyň käbiri muny makullamady. Netijede, synaglardan geçmek we nebitçi bolmak maňa nesip etmedi. Şol gün paýtagtymyza An-22 uçary gelipdi, ünsümi sowmak üçin şony görmäge gidipdim. Ynsanyň durmuşynda her dürli ýagdaýlar ýüze çykýar. Bir arzuwyň hasyl bolsa biri bolanok. Öňde goýan maksadyňa ýetmäge ymtylaňda öňüňe böwet boljak ýagdaýlaram tapylýar. Şeýle pursatlarda ýan bermän her bir ýagdaýyň bähbitli tarapyny görmegi başarmak gerek.

 Dürli kärleri ele almaga ymtylsamda netijede mugallymçylyk kärini saýladym. Bu käri saýlamagyma ejem Aky Mämmetnyýazowa sebäp bolandyr diýip çaklaýan. Çünki ejem uruş ýyllarynda ýedinji synpy tamamlap, üç aýlyk okuwa iberilýär. Okuwyny tamamlap, mugallym bolup zähmet çekip başlaýar. Ýaşlygyndan mugallym bolup işleýänsoň “gyz mugallym” lakamyny alýar. Öz göwün söýen kärine ömrüni bagyşlan ejem bu käre bolan söýgini birbada bolmasada ýuwaş-ýuwaşdan meňem gursagyma guýmagy başardy.

Okan bilim ojaklaryňyz.
 Welaýatymyzda başlangyç synplaryň mugallymlarynyň ýetmezçiligi sebäpli, 1966-njy ýylda şäherimiziň 11-nji mekdebiniň bazasynda başlangyç synp mugallymlary taýýarlaýan 1 ýyllyk kurs açylýar. Etrapdyr şäherlerden gelip, resminamalary tabşyranlaryň sany alynmalysyndan kändi. Bize alty oglan artykmaç diýdiler. Çünki kurs 25 talyba niýetlenen we talyp haklydy. Şonda alty oglan bolup talyp haksyz okamaga-da razydygymyz hakynda bilelikde arza ýazypdyk. Şeýlelikde bizi okuwa kabul etdiler. Biziň talyp haksyz okaýandygymyzy eşiden kursdaşlarymyz agzybirlikde 25 talyp hakyny birikdirip 31 adama deň bölmegi makul bildiler. Biziň muňa garşy bolanymyza-da seretmedi kursdaşlarymyz. Şeýdip bir-biregi goldap, agzybirje okadyk. Günüň birinji salkynynda okap, 2-nji ýarymynda Balkanabat şäheriniň 2-nji orta mekdebinde başlangyç synp mugallymy bolup işläp başladym. Ilkinji sapagymda aljyraýardym, “Nädip geçmeli? Nämeden başlamaly?” diýen ýaly soraglar döreýärdi. Garaňkylykdy meň üçin. Dördünji synp okuwçylaryny okatmalydym. Olaryň öňünde durup temany düşündirmekden utanýardym. Okuwçylaryň yzlarynda durup temany gürrüň berenim ýadyma düşýär. Şol döwürler mekdep müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Ballak Hançarow sapagyma gatnaşdy. Şonda “Oglum, darykma sapagy geçişiň gowy” diýip goldady we ugrukdyrdy.

Kime halypaňyz diýip bolar?
 Şol döwür tejribe toplamak üçin himiýa mugallymy Myratguly Baýramgulyýewiň ýanyna gatnap başladym. Tejribeli mugallymyň sapak okadyşy, okuwçylaryň dilini tapyşy meň üçin diýseň gyzyklydy. Halypa mugallymyň ýanynda wagtyň nähili çalt geçişinem duýmazdym, agşama çenli oturýan wagtlarymam bolardy. Öz ýoluny dowam etmegimi, ýagny himiýa mugallymy bolmagymy islärdi. Ol meni okuwçykamda gowy görerdi. Munuň sebäbi men o döwürler tebigat, himiýa, matematika sapaklaryndan dürli bezegleri, diwarlyklary taýýarlardym. Surat çekmegi çagalykdan halardym. Suratkeşligi men surat mugallymlarym Iwan Tihonowiç Gurýewden we Albert Albertowiç Şillerden öwrenipdim. Şonuň üçin çeken suratlarym mugallymlara ýaraýardy. 1967-nji ýylda Türkmenabat şäherindäki Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutyna gaýybana okuwa girmek üçin üç oglan (Hudaýberdiýew Kenir, Goňurow Ýollygylyç) bolup bardyk. Birbada bize resminamalary tabşyrmak başartmady. 9 gün bu ýagdaý dowam etdi. Resminamalaryň kabul edilýän iň soňky güni aljyrap başladyk. Sebäbi tabşyryp ýetişseňä tabşyranyň, ýetişmeseňem synaglara göýberilmeýärdiň. Sebäbi bu okuw jaýyna girmäge isleg bildirýänleriň sany köpdi. Şonda institutyň mugallymlarynyň biri dadymyza ýetişdi. Ilki biz taryha tabşyrmak isledik. Ýöne muny resminamalarymyzy kabul eden mugallym makullamady. Bu ugra her bir ýere 7-8 adamyň dalaş edýänini düşündirdi. Emma Türkmen dili we edebiýaty hünärine tabşyranlaryň sany az (bir ýere 4-5 adam) bolansoň, hat ýazyşymyzy synap şoňa tabşyrmagy maslahat berdi. Şeýdip, Türkmen dili we edebiýaty hünäriniň talyby bolmak maňa nesip etdi.

Ýaşlyk ýyllaryňyz hakynda aýdaýsaňyz.
 Häsiýetim boýunça talapkärdim. Ýüzüm agrasdy. Gülüp ýörmegi halamazdym. Okuwçylaryň öz okadýan sapagyma gyzykmaklary üçin yhlasymy gaýgyrmazdym. Mende häzirki käbir ýaş mugallymlaryňky ýaly aşa mähremlik ýokdy. Okuwçylary diýseň gowy görerdim, emma bu ýüzümden hiç okalmazdy. Ol döwürler sapaklar boýunça olimpiadalar ýokdy. Şonda ýedinji synplaryň arasynda ilkinji gezek mekdepde olimpiada geçirdik. Bu çagalar üçin diýseň gyzykly boldy. Okuwçylaryň käbiri soň-soňlar bu derslere gyzygyp, ýylyň-ýylyna şeýle ders bäsleşiklerinden geçmäge höwes bildirdiler. Şeýle hem edildi. Okuwçylaryň islegi göz öňüne tutulyp, bäsleşikler ýygy-ýygydan guraldy. Bu edilen azap miwesini berdi.Soň olimpiadalar şäher, welaýat, döwlet derejesinde hem geçirilip başlandy. Ýyllaryň dowamynda kärimi çalşyp, ösmek üçin, dürli wezipelerde işlemäge mümkinçilik kän bolupdy. Emma ejem muny gollamady. Mugallymçylyk kärini söýenimden soň bolsa mende başga işe geçmeli diýen pikir döremedi.

Ilkinji geçiren açyk sapagyňyz.
 Ilkinji açyk sapagym Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” eserine we onuň esasynda düşürilen kinofilme bagyşlanandy. Açyk sapaga mekdep müdiri Ejeke Ataýewa, guramaçy Gurbanmyrat Amanmyradow, milli bilim institutynyň mugallymlary Oraz Ýazymow, Arazberdi Oraztaganow gatnaşypdy. Guramaçymyz filmde Şükür bagşynyň roluny oýnan aktýor bilen bile okan eken. Şonda sapagyň dowamynda ol aktýor hakynda gyzykly zatlary gürrüň beripdi. Sapagyň dowamynda “Şükür bagşy” filminde soňunda ýeňen sazyny diňletdim. Sapak örän täsirli geçdi.

Okuwçylaryňyzyň üstünligi we sylaglaryňyz hakynda belläýseňiz.
Şahyr Enweri “Şahyryň şygyrlary—onuň ýüreginde dörän perzentleri. Ogluň ogul ýerinde, gyzyň gyz ýerinde bolmagy uly bagt. Menem şygyrlarymyň ogul-gyz ýaly ýerli-ýerinde, süňňi sagdyn, seri dury, dili çeper paýhasly bolup çykmagyny isleýärin” diýipdir. Şu aýdylanlardan ugur alyp men hem öz okadýan okuwçylarymyň edep-ekramly, terbiýeliýeli, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, ruhubelent, öz pikirli, dogruçyl bolmaklaryny isleýärin. Okuwçylarymyň üstünlik gazanýan pursatlary, mugallymçylyk bilen bagly tutuş ykbalymyň iň ajaýyp pursatlarydyr. Olimpiýadalarda ýer alan okuwçylarym kän. Baýrambibi Aşyrowa, Orazgül Aşyrowa, Aýnagül Aşyrowa, Dünýägözel Hudaýberdiýewa, Hajarbibi Mätiýewa, Ogulşirin Hankulyýewa döwlet derejesinde geçirilen olimpiýadalarda 1-nji orun. Güljan Güljanowa 2-nji orun. Hesel Akmämmedowa, Arzygül Arabowa, Aman Arazow, Jumaýewa Maral 3-nji orun. Olaryň her biriniň durmuşda mynasyp orun tapandyklaryny bilmek meň üçin iň uly bagt. Köpçülik ýerlerine baranymda ýaşy birçene baran adamlaryň “Salam, mugallym!” diýen sözlerini häli-şindi eşidýän. Ýanymdakylar “Siz olary hem okatdyňyzmy?” diýip, geň galyp soraýarlar. Şonda “Hawa, okatdym!” diýip, uly buýsanç bilen jogap berýärin. Ençeme nesle bilim berenimi, olaryň jemgyýetimize peýdaly adamlar bolup ýetişmeklerine goşant goşandygymy bilmek depämi göge direýär, buýsanjyma buýsanç goşýar.

 Öz wagtynda uly mugallym, metodist mugallym derejesini aldym. Şäher türkmen dili we edebiýat mugallymlaryň birleşmesine 30 ýyla golaý ýolbaşçylyk edýän. “Çagalarda çeper döredijilige bolan söýgini ösdürişim” atly temaň üstünde işleýän. 2012-nji ýylda Seýtnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçirilen ylmy-amaly maslahatda XVIII—XIX asyr türkmen edebiýatyndan gollanma hödürledik. Bu türkmen dili we edebiýat dersiniň mugallymlary we 9-njy synp okuwçylary üçin niýetlenen elektron gollanmady. “Türkmenistanyň Halk magaryfynyň otliçnigi”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna ”atly ýubileý medaly bilen sylaglandym. 1996-njy ýylda “Ýylyň mugallymy” Döwlet bäsleşiginde üçünji orna mynasyp boldum. Ýurdumyzda çekýän halal zähmetimize uly baha berilýär. Işlemek, öwrenmek, ösmek üçin ähli şertler döredilýär.
Şyhy mugallym biz size mundan beýläk hem işiňizde üsünlik gazanmagyňyzy arzuw edýäris!

Söhbetdeşligi geçiren:
Amanbagt Kömekowa.



Tmpedagog