25.03.2024 Söhbetdeşlik90 .

Kesbine kämil mugallym


Ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek iň hormatly we jogapkärli işleriň biri. Sebäbi mugallymlar ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrümize mynasyp, ilhalar, ýokary başarnykly, watançy ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Şeýle mugallymlaryň biri-de Bazargül Çaryýewadyr. Ol Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup zähmet çekýär.

Gürrüňi edilýän mugallymyň zähmet ýoly çärýek asyra uzaýar. Ol geçen ýyllarda, gör, nijeme sapar bilim ojagynyň bosagasyndan ilkinji gezek ätlän çagalary mähir bilen garşy aldy. Soňra irginsiz zähmet çekip, bilmäge, öwrenmäge teşne ýaşlary bilimler dünýäsine alyp gitdi.

— Hormatly Prezidentimiz biz — bilim işgärleriniň öňünde örän jogapkärli wezipeleri goýýar. Şol wezipeleri üstünlikli berjaý etmek, netijeli zähmet çekmek üçin giň mümkinçilikler hem döredilýär. Şeýle şertlerde özümize edilýän belent ynamy ödemek biziň baş borjumyzdyr. Geljekde-de döredijilikli zähmet çekip, beýik döwrümize mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdireris — diýip, kesbine kämil mugallym Bazargül Çaryýewa ynam bilen aýdýar.


"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 21.03.2024

Tmpedagog