20.04.2024 Söhbetdeşlik53 .

Ykbalyny sporta baglan


Dürli pudaklarda ak ýürekden, yhlasly hem-de netijeli zähmet çekýän adamlar hakynda söhbet etmek örän ýakymly. Il içinde arzylanylýan şeýle ynsanlaryň biri-de Saýat etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Eset Annakylyçowdyr. Oňa kärdeşleri uly hormat bilen «halypa» diýip ýüzlenýärler. Munuň özi ýöne ýerden däl.

Eset mugallym manyly ömrüni ýaş nesle bilim, terbiýe bermäge we olary berk bedenli, sporty söýýän, bäsleşiklerde şowly çykyş etmegi başarýan türgenleri ýetişdirmäge bagyşlaýar.

— Orta mekdepde okap ýören ýyllarym sport bilen çynlakaý meşgullanyp başladym. Şonda sportuň woleýbol görnüşi mende has uly gyzyklanma döredýärdi. Eýýäm şol ýyllarda mekdebimiziň toparynda etrap, welaýat derejelerinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, gowy netijeleri görkezdim. Şol uly höwes mende bu ugurdan ýokary bilim almak islegini hem döretdi — diýip, ol ömrüniň ýakymly ýatlamalara baý döwrüni ýatlaýar.

1972-nji ýylda Esediň ýaşlyk arzuwy amala aşdy. Ol häzirki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bedenterbiýe fakultetiniň talyby boldy. Şonda ol ýokary mekdepde sport bilen okuwyny sazlaşykly utgaşdyrmaly bolupdy. Sebäbi ol geljekde diňe bir ezber türgen däl-de, ýaş nesle bilim we terbiýe bermegi başarýan mugallym hem bolmalydy. Munuň üçin talyp okuw derslerini çuň özleşdirip, bedenterbiýe dersini okatmagyň usulyýetini yhlas bilen ele aldy. Okuwynyň daşyndan bolsa institutyň, welaýatyň ýygyndy toparlarynyň hatarynda dürli derejeli ýaryşlara gatnaşdy. Ol Özbegistanda, Täjigistanda, Gazagystanda, Belarusda, hatda daşary ýurtlarda geçirilen tutumly bäsleşiklere gatnaşyp, olardan baýrakly dolanyp geldi.

— Mekdepde ilki işläp başlan ýyllarymda sport zalynyň ýokdugy sebäpli gyş paslynda dürli oňaýsyzlyklary başdan geçirmeli bolýardy. Mekdebimiziň ýolbaşçylary bilen bu mesele barada ýokary guramalaryň öňünde mesele goýduk, ýagdaýy düşündirdik. Şonuň netijesinde döwrebap sport zalynyň gurulmagy gazanyldy. Bu ýagdaý işimiziň düýpli ilerlemegine uly ýardam beripdi — diýip, Eset mugallym ýatlaýar.

Şu ýerde ýene bir oňyn ýagdaý hakynda durup geçmek ýerlikli bolar. Saýat sporta uly üns berilýän, onuň aýry-aýry görnüşleri ileri tutulyp ösdürilýän etraplaryň biridir. Şol görnüşleriň arasynda, elbetde, woleýbol hem bar. Öňki ýyllarda-da, häzirki wagtda-da sportuň bu görnüşi bilen ýaşlaryň barha köpüsi höwesli meşgullanýar. Bu sportuň ösüşlere eýe bolmagynda Eset Annakylyçowyň hyzmaty uly boldy. Ol mekdepde bedenterbiýe mugallymy bolup işläp, güýçli türgenleriň uly toparyny ýetişdirmek bilen birlikde hut özi hem sport ýaryşlaryna gatnaşmagyny, etrabyň, welaýatyň sport abraýyny belende götermäge mynasyp goşandyny goşmagyny dowam etdirdi. Ol şeýle-de Allaberdi Ýagşyýew, Haldurdy Rozyýew, Gylyç Hudaýnazarow, Isa Jumadurdyýew dagynyň etrapda woleýboluň ýaşlaryň söýgüli oýunlarynyň birine öwrülmeginde hyzmatlarynyň uly bolandygyny hem kanagatlanma bilen belleýär. Eset mugallymyň özi welaýatymyzyň ýygyndy toparynyň düzüminde dört gezek ýurdumyzyň çempiony bolup, sport ussatlygyna dalaşgär derejesine hem eýe boldy.

Halypanyň at-abraýa beslenen durmuş we zähmet ýoly ýaşlar üçin göreldedir. Köpsanly şägirtleri onuň ýoluny mynasyp dowam etdirýärler. Mekdebiň oglanlar we gyzlar toparlary etrap, welaýat we ýurt derejelerinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, olardan baýrakly dolanyp gelýärler we özleriniň halypasyny begendirýärler.

— Gahryman Arkadagymyz eziz Türkmenistanymyzy sport döwletine öwürdi. Öňler etrabymyzda sport mekdepleriň az sanlysy bardy. Ýurt Garaşsyzlygy ýyllarynyň içinde gowy enjamlaşdyrylan sport mekdepleriniň, sport toplumlarynyň birnäçesi guruldy. Olarda ýaşlarymyz sportuň köpsanly görnüşleri bilen çynlakaý meşgullanýarlar. Türkmen sportuny ösdürmek ugrunda ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys — diýip, halypa mugallym guwanç bilen nygtaýar.

Akmyrat ALLABERENOW,
Saýat etrabyndaky 51-nji orta mekdebiň
ýokary derejeli bedenterbiýe mugallymy

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 18.04.2024

Tmpedagog