15.01.2023 Söhbetdeşlik122 .

Halypa mugallym we kompozitor Ýazgylyç Aşyrow bilen söhbetdeşlik


- Ýazgylyç mugallym, saz sungatyna bolan höwesiňiz haçan döredi?
 - Men entek çagakam, radioda berilýän türkmen kompozitorlarynyň aýdym-sazlaryny ürç edip diňleýärdim. Mekdebimiziň aýdym mugallymy Kerimberdi Helimow akkordeon çalyp, bize aýdym aýtdyrardy. Aýdym-saza bolan höwesim şol wagtlar dörän bolsa gerek. Orta mekdebiň 6-njy synpynda okaýarkam, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän Mylly Täçmyradow adyndaky çagalar sazçylyk mekdebinde akkordeon saz guralyny, halypa mugallym Baýram Bekmyradowdan öwrenip başladym. Şol ýyllarda “Gökdepe mukamlary” aýdym-saz toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, belli aýdymçy Saparmyrat Babaýew, kompozitor we aýdymçy Myratdurdy Saparow bize halypalyk edýärdiler.
 1976-njy ýylda orta mekdebi tamamlap, Aşgabatda ýerleşýän Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynyň höwesjeň orkestriň dirižory bölümine okuwa girip, ony üstünlikli tamamladym. Ýöne kompozitor bolmak höwesi meni sungat institutynyň kompozisiýa bölümine getirdi. Halk artisti, Zähmet Gahrymany, professor Weli Muhadowdan bäş ýyllap sapak almak, saz döretmegiň inçe tilsimlerini öwrenmek nesip etdi.

- Siz ençeme ýyl bäri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde ýokary derejeli mugallym bolup zähmet çekip, çagalara bilim, terbiýe berip gelýärsiňiz. Mugallymçylyk işine haçan başladyňyz?
 - 1985-nji ýylda sungat institutyny tamamlamda şu wagtky işleýän ýerime işe ugradyldym. Men sazyň teoriýasy, saz edebiýaty, saz eserleriniň derňewi derslerinden sapak berýärin. Ýöne sungat institutynda okap ýören döwrüm, Gökdepedäki çagalar sazçylyk mekdebiniň direktory Myratdurdy Saparow solfejio mugallymy edip işe aldy. Men şol wagt 22 ýaşymdadym.

- Ýazgylyç mugallym! Siziň döreden onlarça aýdym-saz eserleriňiziň bardygyny bilýäris. Okyjylarymyza tanyş, has meşhur aýdymlaryňyz barada aýdaýsaňyz.
 - Meniň ilkinji döreden aýdymym şahyr Ýaban Saparowyň goşgusyna “Obamyň gyz-gelinleri” diýip atlandyrylýar. Bu aýdym Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň 1986-njy ýylda geçiren aýdym bäsleşiginde 2-nji baýraga mynasyp boldy. Bu aýdymy aýdymçylar Gülnar Döwletowa, Juma Orazow we Türkmenistanyň at gazanan artisti Jumamyrat Gurbanow ýerine ýetirýärler. Geçen ýyl Halkara zenanlar baýramynda ýaş zehinli aýdymçy 2021-nji ýylyň “Parlak ýyldyzy” Begenç Çaryýew bu aýdyma täze öwşgün berip, Döwlet konsertinde ýerine ýetirdi.
 1980-nji ýyllaryň aýaklarynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Kerwen Durdyýew “Owgan aýdymy”, “Ak ýyldyzlar, elwan güller” aýdymlarymy ussatlarça aýtmagy başardy. 1991-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan edileniniň yz ýanlarynda, Gökdepe galasyna bagyşlap, şahyr Ilmyrat Pudakowyň goşgusyna döreden “Gökdepäm” aýdymym halkymyzyň uly söýgüsini gazandy. Bu aýdymyň ilkinji ýerine ýetirijisi Türkmenistanyň halk artisti, Hormatly il ýaşulusy Kakadurdy Täjimow häzirki güne çenli “Gökdepämi” ussatlyk bilen ýerine ýetirip gelýär. Şeýle hem bu aýdymy “Altyn asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi Bäşim Ilmyradow we zehinli aýdymçymyz Batyr Sahyýew ýerine ýetirýärler.

- Mekdebimiziň okuwçylary üçin hem eser döretdiňizmi?
 Elbetde. Biziň zehinli okuwçylarymyz bar. Olar üçin täze-täze eserleri döredýärin. Fortepiano üçin 10 sany pýesamy, skripka we fortepiano üçin pýesamy, fleýta we fortepiano üçin “Ak damjalar” atly eserimi konsertlerde uly höwes bilen çalýarlar. “Güneş” atly hor toparymyz bolsa, Orazdurdy Atahanowyň goşgusyna “Awazam” , Gurbanjemal Annakowanyň goşgusyna “Toý bu gün” aýdymlarymy ýerine ýetirýärler. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň hor topary bolsa “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly hor aýdymym bilen “Türkmen owazy” teleýaýlymynda çykyş etdiler.

- Ýazgylyç mugallym, size Türkmenistanyň sungatyny ösdürmekde, döredijilik işgärlerini taýýarlamakda we terbiýelemekde uly üstünlikleri gazanandygyňyz üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmediňiz üçin hormatly at dakyldy.
 - Hawa, geçen 2022-nji ýyl, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly meniň üçin ýatdan çykmajak ýyla öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Beýik Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýy toýlanýan günlerinde, maňa Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri diýen hormatly at dakyldy. Bu uly sylag meni diýseň begendirdi, täze eserleri döretmäge ruhlandyrdy. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn. Goý, mähriban Arkadygymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

 - Sagboluň! Size-de asylly käriňizde, döredijilik işiňizde uly üstünlikler ýar bolsun! Täze “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda hem ýaşlarymyzy wasp edýän täze eserleri döretmegiňizi arzuw edýäris!

 Söhbetdeşligi geçiren: Sona Ýeşilýurt,
 Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň
ýokary derejeli mugallymy.



Tmpedagog