17.01.2023 Söhbetdeşlik76 .

Huzuryňa geldim, mugallym!


 Mekdebiň golaýynda onuň bölek ekin ýeri bar. Mugallym onuň deňinde aýak çekip, ýyllaryň dowamynda ösdürip ýetişdiren miweli baglaryny ýekän-ýekän gözden geçirýär. Ýorunjaly pellerine aýlanyp çykýar. Ol bu günem mellek töründen mekdebe barýan ýol bilen ýöräp ugrady. Güýz pasly aýaklansoň, nar, injir, armyt, ülje, üzüm baglarynyň miweleri sowlup, sary ýapraklary ýere dökülip başlapdyr. Güýzüň öz gözelligi barda! Ýere tyllaýy ýaprakdan haly düşelen ýaly. Bagbançylykdan-da tejribesi ýetik Gandym mugallym: «Ýere düşen ýapraklar çüýräp, ýokumly dökün bolýar» diýýär.

 Ömrüniň altmyş ýylyny mugallymçylyk kärine bagyş eden ynsan baradaky makalamyzy onuň daýhançylygyndan başlamagymyz ýöne ýerden däl. Gandym mugallymyň çagalykdan ene ýere bagry badaşan. Daýhan maşgalasynda doglup, körpelikde kakasyndan jyda düşen ýetginjek 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň yz ýanyndaky kynçylykly döwürde ejesiniň ýakyn ýardamçysy bolupdy. Okuwdan boş wagtlarynda mellek ýerlerinde işläp, bugdaý, mekgejöwen ekipdi, miweli baglary ösdürip ýetişdiripdi. Ene ýer şol ýyllarda köp çagaly maşgalany açlyk-horlukdan alyp çykypdy. Bir gün mellegi agdarýan wagty pil sapynyň döwlüp, çykgynsyz ýagdaýa düşmegi ýaş oglanyň ussaçylyk bilen meşgullanyp başlamagyna sebäp bolýar. Ol pilini bejertmek üçin ussa gözläp syrgyny aýlanyp çykýar. Ahyry pilli özi saplamaga synanyşýar. Onuň yhlasy ýerine düşýär. Şol günden başlap, Gandym oba hojalyk gurallaryny bejermek we ýasamak işleri bilen hem meşgullanýar.

 Ilki Surhy obasyndaky ýediýyllyk mekdebi, soňra Beşir obasyndaky orta mekdebi ýokary bahalar bilen tamamlan Gandym häzirki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna okuwa girýär. Orta mekdepde fizika dersine ökde bolansoň, mugallymlary oňa şu ugurdan ýokary bilim almagy maslahat berýärler. Ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan ýaş hünärmen 1961-nji ýylda dogduk obasynda zähmet ýoluna başlaýar.

 Gandym mugallym sowallarymyza «Hawa» ýa-da «Ýok» diýip jogap berýärdi. Şeýle ýagdaýda žurnalistiň özi gahrymanyny açmaly bolýar. Menem mugallymymy açmalydym. Ýöne nädip?! Mekdep ýyllarynyň ýatlamalaryna salgylanmakçy boldum. Ýaňy üçünji onlugy arka atan, uzyn boýly, syrdam, agras häsiýetli ýaş ýigidiň keşbi göz öňümde janlandy. Sapak geçýän pursatlaryny ýatlamaga synanyşdym. Köplenç, suratlara salgylanyp sapak geçýändigi, ony düşündirende synpda hiç hili ses-üýnüň bolmaly däldigi, sapagy bilmeseň halamaýandygy ýadyma düşdi. Ýene-de bir tapawutly tarapy, ol temany düşündirip bolandan soň, dessine okuwçylardan sorap ugrardy. Ýa-ňy eşiden temaňy gürrüň bermek ýeňil bolýandyr, elbetde. Şeýdip, temany özleşdirmek bilen, onuň ýatda galmagyny gazanardy. Ýanymda ýolbelet bolan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Hojambaz etrap komitetiniň başlygy Baýrammyrat Reýimow kömege ýetişdi. Ol:

 — Mugallym, siz emeli raketa ýasap, kosmonawtlaryň gününde uçurypdyňyz gerek?! — diýenden, Gandym mugallym ýeňillik bilen ýerinden galyp, içki otaga girip gitdi. Bir salymdan hem raketanyň suduryndaky kiçijik şekili getirip:

 — Ynha, ony häzirem saklap ýörün — diýdi-de, onuň ýasalyşy, şeýle-de okuwçylar bilen özbaşdak sapakda antena ýasandygy, fizika agşamlaryny geçirendigi barada gürrüň berdi.

 Baýry mugallym, şeýle-de Bilim ministrliginiň ýörite tabşyrygy bilen Türkmenabat we Aşgabat şäherleriniň orta mekdeplerinde hem okuwçylara sapak berip, öz iş tejribesini ýaýradandygyny, okadan okuwçylarynyň fizika dersinden döwlet derejesinde geçirilen bäsleşiklerde, olimpiadalarda baýrakly orunlary eýeländiklerini, olaryň arasyndan Ogulşirin Salyhowa, Sümbül Halykowa, Enejan Reýimowa dagynyň bu ugurdan ýokary bilim alyp, häzirki wagtda ýaş nesle bilim berýändiklerini buýsançly aýtdy.

 Gaýtmakçy bolanymyzda, mugallym howlynyň bir burçundaky kiçijik ussahanasyna baryp görmegimizi sorady. Ussahananyň içi pildir kätmen, orakdyr aňňal ýaly hojalyk gurallaryndan doly. Olaryň çagalar üçin niýetlenen görnüşleri has-da ünsümizi çekdi.

 — Agtyklarym işe ýarap ugrandan bu gurallary ellerine berip, mellekde işledýärin. Olary görüp, goňşy çagalaram işlemäge höweslenýärler. Mekdepden gelip, şu işlere güýmensem, dynç alan ýaly bolýaryn. Iki daban mellek ýeri bolan adam ekin ekmek, bag ösdürip ýetişdirmek bilen. Onsoň maňa-da güýmenje tapylýar — diýip, baýry mugallym pildir kätmeni, hojalykda ulanylýan beýleki gurallary görkezýär. Men olary: «Menden ýadygär galsyn, işlän wagtlary ýatlasynlar» diýip ýasap berýärin — diýip, mugallym mellekdäki miweli baglara nazaryny dikip, birsalym dymdy.

 Göwresini dik tutup, entekentekler gojalykdan uzak görünýän eziz ynsana: «Mugallym, ýüz ýaş toýuňyza geleris, enşalla!» diýenimde, ýürekden ýylgyrdy. Ýaşy togsana golaýlan mugallymyň bu ýylgyryşynda Arkadagly Serdarymyza, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne hoşallygy gördüm. Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy Gandym Pirimow şeýle ajaýyp zamanada ýaşap, işleýändigine, nesil terbiýeleýändigine ýürekden buýsanýar.

Keýik UMAROWA,
«Türkmenistan».

"Türkmenistan" gazeti, 05.01.2023

Tmpedagog