20.01.2023 Söhbetdeşlik53 .

Pedagog Zulfiýa Hemdemowa bilen söhbetdeşlik


Biziň söhbetdeşimiz Türkmenabat şäheriniň goja mekdebi - 1nji orta mekdebinde ençeme ýyllar bäri zähmet çekýän Zulfiýa Hemdemowa.

-Zulfiýa mugallym, Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda, ýaşlaryň geljegi babatda aladalaryny duýup ýaşaýarsyňyz!

 -Elbetde, Hormatly Prezidentimiziň Watan halky bilen watandyr diýen ýörelgesinden ruhlanyp işlemek bizi buýsandyrýar. Ajaýyp däbe eýerip, 2023-nji ýyly ,,Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” diýip dabaralandyrylmasy has-da mugallymyň öňünde uly borç goýýar.
 Ýaş zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen ,,Altyn asyryň altyn zehinleri” ders bäsleşigine okuwçylary taýýarlamak, netijeliligini gazanmak baş maksadym bolup durýar. Aýratynam, bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän taslama bäsleşigine ökde zehinleri ýüze çykarmak we goldamak bilen okuwçylaryň döwlet derejesinde tanalmagy meniň kärime söýgimi goşalandyrýar. Sözüm gury bolmaz ýaly her ýyl taslama ýazyp okuwçylarym welaýat derejesinde mynasyp baýraklary alýan bolsa, geçen okuw ýylynda edebiýat dersinden 11-nji synp okuwçym Akjemal Seýitkulyýewa ,,Seýitnazar Seýdiniň çap edilmedik goşgulary” temada taslama işini ýazdy.
 Bu taslama işiň maksady ,,Şahyryň çap edilmedik goşgularyny öwrenmek, kämilleşdirmek, geljekki nesillerimize ýadygär galdyrmak” bolup, bu işe Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen edebiýaty we ony okatmagyň usulyýety kafedrasynyň müdiri; filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammetguly Amansähedow we şol kafedranyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Akmyrat Täjimow syn berdiler.
 Şeýle-de bu işime Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň şu goşgularyň hakykatdanam, täze, çap bolmadyk goşgulardygyna güwä geçýän jogap haty tassyklady, netijede Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň höweslendiriji baýragyna mynasyp boldy.

  -Mugallym, gowy işleri alyp barýaňyz, ýaşlary nusgawy edebiýata höweslendirmek geçmişimizi tirsegine galdyrýar. Dörediji ýaşlary taýýarlamak has hem gyzykly iş?!

 - Men öz mukaddes kärimi saýlan pursatymdan çagany begendirmekden, gowulyga gönükdirmekden lezzet alýaryn. Bu okuw ýylynda her ýylky işimi dowam etdirip 11-nji synp okuwçym Rüstem Baýmyradowyň ,,Şygyr düzülişiň täze formasy – üçleme” temasynda taslama işine goldaw edip, abraýly netijä garaşýaryn

-Mümkin bolsa, mugallym, okyjylar köpçüligini hem gyzyklandyrarmyka diýýän taslama işiňizden paýlaşaýyň?

 - Baş üstüne.
Okuwçy R.Baýmyradowyň taslama işinden bir parça:
 Külli türkmen halkyny asyrlar boýy arzuwlanan zamanada Berkarar Döwletiň Bagtyýarlyk döwründe, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300-ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilmeginiň bosagasynda biz – ýaşlara okamaga, döwrebap ýaşamaga, mynasyp gurmaga, joşgunly döretmäge giň mümkinçilikler döredilip, uly ynam bildirildi. Adat bolan däplere görä täze ýyly ,,Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” dilip atlandyrylmagy has-da meni ruhlandyrdy. Şu ruhy joşgun mende täzeçilligi edebiýata goşmaga, öz yzymy galdyrmaga ruhlandyrdy. Belki, üçleme görnüş bolmagy mümkin, ýöne meniň täzeçillik ideýam öňe sürülýän pikiri aýratyn şöhlelendirmekden ybarat:

 Geçmişimiň wysaly
 Mert, batyrlyk mysaly,
 Çyn buýsançly türkmen men!

 Gözelleri haýaly,
 Goç ýigidiň hyýaly,
 Çyn buýsançly türkmen men!

 Mertlik ýaran Pederler,
 Pata beren Erenler,
 Çyn buýsançly türkmen men!

 Şahyrlary gazally,
 Toýy dessan bezegli,
 Çyn buýsançly türkmen men!

 Adalaty arzuwlan,
 Kyn ykballary sazlan,
 Çyn buýsançly türkmen men!

 Taryh gatyny açýar,
 Arzuwlar hasyl guçýar,
 Çyn buýsançly türkmen men!

 Erkinlik hak myradym,
 Parahatlyk –maksadym.
 Çyn buýsançly türkmen men!

 Belentde parlar Tugum,
 Agzybirlik ýol-ugrum,
 Çyn buýsançly türkmen men!

 Paýhas ýükli gojalar,
 Adalatdan güýç alar,
 Çyn buýsançly türkmen men!

 Geljek bize garaşýar,
 Watan şöhraty joşýar,
 Çyn buýsançly türkmen men!

 Garaşsyzlyk bagtymyz ,
 Bitaraplyk tagtymyz,
 Çyn buýsançly türkmen men!

 Öňe, diňe öňe barýas,
 Beýik Halkly döwlet gurýas,
 Çyn buýsançly türkmen men!

-Zulfiýa mugallym, kesbiňizden kemal tapyň! Ýaşlaryň döredijilik äleminde orun tapmagy üçin alyp barýan jogapkärli işiňizde üstünlik arzuw edýärin!

-Minnetdar, goý, biz bilim işgärleriniň halal zähmet çekmegi, döwrebap döretmegi üçin aladalanýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il bähbitli işleri rowaç bolsun!


Söhbetdeşligi geçiren: Ibragimowa Dursunjemal,
Türkmenabat şäheriniň 1-nji orta mekdebiniň müdiri.



Tmpedagog