02.02.2023 Söhbetdeşlik101 .

Oba ýerinde programmist ýetişermi?


 Oba ýerini diňe mal-gara, ekin-dökün bilen göz öňüne getirýäris adaty ýagdaýda. Daşary ýurt dillerini, döwrebap kompýuter tehnologiýalaryny öwrenjek bolsaň hökmän şäher ýerine gatnap öwrenmeli diýen öňden ýazgarma pikir ýörgünli.

 Emma, biziň bu stereotipimizi bozan bir mugallym bar. Onuň ady Taşkynow Şahzad. Köneürgenç etrabynyň Derýalyk obasynda 4-5 ýyl bäri öz zähmet çekýän mekdebinde ökde programistleri ýetişdirýär. Onuň okuwçylary welaýat we döwlet olimpiadalarynda üstünlikli çykyş edýärler, uçurumlar bolsa ýurdumyzyň we dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.

 Şahzad mugallymy oba ýerinde işlemäge höweslendiren onuň okuwçy döwründe bilime bolan teşneligi we mümkinçiliklere bolan çäkleri bolupdyr. Şahzad Taşkynow bilen görüşmek we söhbetdeş bolmak üçin ýörite obasyndaky zähmet çekýän mekdebine baryp gördük. Onuň öz durmuşy we zähmet ýoly barada bize beren gürrüňlerini size ýetirýäris.

Kompýutersiz programmirlemäni öwrendik

 Men Taşkynow Şahzad. Men 1995-nji ýylyň 26-njy oktýabyrynda Köneürgenç etrabynyň Akderýa geňeşliginde daýhan maşgalasynda doguldym. 2002-2012 ýyllar aralygynda Köneürgenç etrabynyň 38-nji orta mekdebinde orta bilim aldym.

 Mugallymçylyk arzuwy şol ýyllaryň dowamynda peýda boldy. Men oňa sebäp hökmünde maňa bilim berýän mekdebimiziň informatika mugallymy programmirlemäniň dürli görnüşlerini bize gürrüň berýärdi. Biz mugallymyň gürrüň berýän zadyny doly düşünüp baramyzokdygam. Çünki şol döwürleri mysal hökmünde alsak hemme okuwçylaryň kompýuterleri ýokdy. Ýa-da her bir okuwçy geçýän temalarymyzy, amallary kompýuterde işläp bilmek ýaly mümkinçiligimiz ýokdy.

Öz özüme mugallym boljagyma söz berdim

 Ýöne biz oňa garamazdan, ruhdan düşmän mugallymyň aýtýan zatlaryny ünsli diňleýärdik.

 Sapaklardan sonra mugallymymyz bilen goşmaça mekdepde galyp, programmirlemegi ýagny programmirleme diliniň esasy bölegi bolan Pasсal, С++ dillerini öwrenýärdik.

 Şol okuwçy döwrümde başlan mugallymçylyk arzuwuna ýetmek üçin maşgala ýagdaýy sebäpli, maddy ýagdaýym ýoklugy sebäpli umytdan düşmän ol sebäpleri kellämden aýyryp başaryp biljekdigime öz-özüme söz berdim. Özüme şol sebäpleri maksat edinim, agşamlary ýatmadym kitap okadym gündüzleri bolsa maşgalamyzyň uly oglany bolanlygym sebäpli işledim.

 Dädem we ejem meniň okaýanlygymy görüp “işleme, oka oka” diýdiler. Ýöne men ata-enemiň men üçin edýän aladalaryny görüp, ata-eneme ýük bolmaýyn diýen pikir bilen işledim.

Mekdebe işe gelenimde maňa ýeke özüme kabinet berdiler

 Mekdebi üstünlükli tamamladym. “Bir okana, bir-de dokana” diýlişi ýaly, islegim bolan okuwa, Magtumguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwerstitetine we şol uniwersitetiň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary fakultetiniň talyby bolmak bagty mana miýesser etdi.

 Okaýan döwrüm okaýan ugrymy has-da kämilleşdirmek üçin okuwdan daşary okuw merkezlerine gatnadym. 2017-nji ýylda ýokary okuw jaýyny üstünlikli tamamladym.

 Okuwy gutarmagymyň yz ýany meni Köneürgenç etrabynyň 18-nji orta mekdebine informatika mugallymy bolmagym üçin işe çagyryldym.

 Men hiçhili pikirlenmän işi kabul etdim. Sebäbi bu meniň iň uly arzuwymdy, durmuşdaky maksadymdy. Ertesi gün işe geldim, mugallymlar bilen tanyşdym.

 Maňa ýörite otag berdiler. Begendim. Otag berendiklerine begenýänimiň sebäbi 18-nji orta mekdep – oba mekdebi we her mugallyma aýratyn otag berer ýaly mümkinçilik yokdy.

 Işe başlan günüm synp otagynyň girelgesine “Informatika mugallymy” ýazgysy bilen we adym-familýam ýazylypdyr.

 Täze eşik almaga ýagdaýym ýokdy, talyp döwründen galan geýmim bilen sapaga girdim

 Şol gün edil şu gün ýaly hiçhili ýadymdan çykmaýar. Men şeýle kyn günler başymdan geçdi. Hat-da ilkinji iş günüme-de täze eşik almaga pulumyň ýoklugy sebäpli, talyplyk ýyllarymdan galan eşiklerler bilen ilkinji iş gününe bardym.

Birinji sapagym gutaran soň öz-özüme diýen sözüm: “Başardym!”

 Sapak başlady ilkinji gezek sapak berýän 5 “A” synp hemme maňa seredýär. Şol güni okuwçylary tanadym özümi tanatdym gysgaça sapagym çalt gutardy we arakesme jaňynyň sesi eşdildi. Hemme okuwçylar ylgaşyp daşary çykdylar, men synpda ýeke özüm galdym.

 We şol wagt özüme diýdim “Başardym, kyndy ýöne men başardym. Men arzuwyma ýetdim. Bir günde ýetmedim, emma şu gün ýetmesemem birgün ýeterin diýen pikirim bilen umydym bilen ýetdim”.

 Eden azabym ýerine düşdi. Uly synplara bilim berýän okuwçylaryma umyt berip, sen başararsyň diýip okatdym. We olara-da ýokary okuw jaýlarynda okamaklyk, talyp bolmak bagty miýesser etdi. Şu wagta çenli her ýyl etrap, welaýat derejeli olimpiadalara gatnaşyp, ýer alýarlar.

Oba ýerinde mugallym bolanym üçin hem bilim berýäs, hem ekerançylyk-maldarçylyk hem edýärin

 “Bilmeýän zadyňy kitapdan sora” diýlişi ýaly şu wagtlar hem boş wagt tapsam okaýan, öwrenýän.

 Oba ýeri bolansoň ekerançylyk we maldarçylyk bilen hem meşgullanýaryn, hem-de bilimem berýärin. Hawa, üçüsinem birden edýärin. Esasy zat näme edýänligim däl jemgyýete, ýaşlara näme berip bilýänlgim.

Kitap almaga pulum ýokdy, emma öwrenmekden boýun gaçyrmadym

 Hawa, men daýhan maşgalada doguldym, kitap almana pulum ýokdy. Ýöne kitap alyp bilmedim diýip hiç wagt öwrenmekden, okamakdan boýun gaçyrmadym.

Bar mümkinçilikleriň gadryny bilmeli, ýok bolsa döretmeli

 Häzirki ýaşlar häzirki ýagdaýyň gadryny bilmeli. Olar ellerinde bar mümkinçilikleri ýok hasaplaýarlar. Özüm hakynda gürrüň bermegimiňem asyl maksady, men şul derejä kynçylyklar bilen ýetdim. Meňem elimde saýlap biljek mümkinçiligim ýokdy. Ýöne, şol mümkinçiligi men öz-özüme döretdim…


Söhbetdeşligi taýýarlan: Şyhmyrat Hojaýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň talyby



ashgabat.in

Tmpedagog