03.02.2023 Söhbetdeşlik69 .

Ýagşy adamdy, halypa mugallymdy


 Magtymguly atamyzyň: «Ýagşylykda ile özün tanydan, alkyş alyp, derejesi zor bolar» diýşi ýaly, ýagşy adam ony tanaýanlaryň ýüreklerinde mydama ýaşaýar. Şeýle adamlaryň eden işleri ýaş nesil üçin nusgalyk mekdep bolup durýar. Il içinde sylagly ýaşulularyň biri-de Aşyrmuhammet Gurbanowdy. Onuň ýaş nesle bilim-terbiýe bermekdäki baý iş tejribesi, adamkärçiligi barada aýtmaga zat örän köp.

 Aşyrmuhammet Gurbanow 1949-njy ýylda Magtymguly etrabynyň Könekesir geňeşliginiň Çukurýurt obasynda dünýä inýär. Orta mekdebi 1966-njy ýylda tamamlap, 1966 — 1968-nji ýyllarda Aşgabadyň Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde okaýar. Zähmet ýoluna Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak obasyndaky mekdepde başlaýar. Soňra Magtymguly etrabynyň Gargyly obasyndaky häzirki 16-njy orta mekdepde mugallym bolup işleýär. 1978-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini türkmen dili we edebiýaty hünäri boýunça gaýybana tamamlaýar. Ömrüniň 40 ýyldan gowragyny ýaş nesli edep-terbiýeli, bilim-hünärli edip ýetişdirmek ýaly asylly işe — mugallymçylyga bagyşlaýar. Işlän ýyllarynda ençeme Hormat hatlaryna mynasyp bolýar.

 — Aşyrmuhammet mugallym bilen 30 ýyla golaý bile işleşmek miýesser etdi. Ol oňat adamdy. Aşyrmuhammet Magtymguly etrabyndaky 11-nji, 17-nji, 5-nji orta mekdeplerde işledi. Çagalara bilim bermekde, olarda ata Watana söýgi döretmekde mugallymyň bitiren işleri az däldir. Çagalaryň milli medeni mirasy düýpli öwrenmekleri üçin yhlasyny gaýgyrmandy. Onuň okadan okuwçylarynyň dürli hünärleri ele alyp, abraýly atlaryň eýeleri bolup, Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzy ösdürmäge mynasyp goşant goşýandyklaryny bellemek gerek. Ol abraýly adam, halypa mugallym hökmünde ýatlanylmaga mynasyp — diýip, baýry mugallym Gurbanmuhammet Garaýew gürrüň berdi.

 Biz başga-da birnäçe adamlar bilen söhbetdeş bolduk. Şonda olar Aşyrmuhammet aga barada ýagşy sözleri aýtdylar, onuň eden asylly işlerini ýatladylar. Bu bolsa onuň il içinde abraýynyň, hormatynyň uly bolandygyny görkezýär.

 Güýz aýlarynyň birinde Aşyrmuhammet aga okadýan synpyma geldi. Şonda 6-njy synpda «Gadymy Hytaý» atly temany geçip durdum. Ol meniň düşündirip duran temama gatylyp-garylyp gitdi. Gürrüň irki döwürlerde Hytaýda ösdürilip ýetişdirilen çaý baradaky gürrüňe syrykdy. Halypa mugallym çaýyň peýdasy, dermandygy barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyzyň «Çaý — melhem hem ylham» atly kitabynda beýan edilen rowaýatlary gürrüň berdi. Men onuň köptaraplaýyn zehinine, giň dünýägaraýşyna haýran galdym.

 A.Gurbanow hormatly dynç alşa çykanyndan soň, jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşýar. Ençeme ýyl zähmet çeken mekdebine baryp, çagalaryň arasynda duşuşyklar geçirýär. Iliň toýunda kethudalyk edip, ýasynda göwünlik beren ýaşuly etrapda geçirilýän çäreleriň arzyly myhmany bolýar. Ol bu çärelerde ýurdumyzda ýetilen sepgitler, durmuşa geçirilen tutumly işler barada gürrüň etmek bilen, ýaşlara durmuşda öz mynasyp ornuňy tapmak, halal, ak ýürekden zähmet çekmek, Watana wepaly adam bolup ýetişmek barada öwüt- -ündew berýär. Ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde yhlasyny gaýgyrmaýar. Oba ýaşululary bilen sogap işleriň başyny tutýar.

 2016-njy ýylda Aşyrmuhammet aganyň we onuň maşgalasynyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka bolýar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimizi ata-babalarymyzdan gelýän milli däplerimize laýyklykda terbiýelemekde bitiren hyzmaty nazara alnyp, oňa «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly at dakyldy.

 Aşyrmuhammet aga Türkmenistanyň Halk Maslahatyna birnäçe gezek wekil bolup gatnaşdy. Ol mukaddes Mekgä baryp, haj parzyny berjaý etdi. A.Gurbanow geçen ýyl aradan çykdy. Aşyrmuhammet aga we maşgalasy Ogulbahar ýeňňe sekiz çagany terbiýeläp ýetişdirdiler. Bagtyýar maşgala ajaýyp döwrümize guwanyp hem buýsanyp ýaşaýar.

Gündogdy Annasähedow,
Magtymguly etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 02.02.2023

Tmpedagog