21.04.2024 Täzelikler190 .

“Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” ady bilen Açyk gapylar güni geçirildi.


Aprel aýynyň 19-yna Balkanabat şäheriniň Magtymguly adyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy mynasybetli “Pähim - paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” ady bilen Açyk gapylar güni geçirildi.

Açylyş dabarasy bilen başlan baýramçylyk çäresi bilim sergisi bilen dowam etdi. Mugallymlaryň we okuwçylaryň taýýarlamagynda görkezilen bilim sergisi gelen myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Sergide okuwçylaryň diňe bir welaýatda däl, eýsem, döwletde, halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri hem ýerleşdirildi. Informatika mugallymy Döwranguly Annagulyýewiň mekdebiň 90 ýyllygyna bagyşlap taýýarlan “Taryhym bar – arkam bar” kitabynyň we “Mekdebiň taryhy gymmatlyklaryndan” atly diwarlygynyň, Aýjemal Gaýlyýewanyň “Pyragynyň gaşynda” atly ýygyndy kitabynyň bolmagy aýratyn buýsanç berdi. Mekdebiň iňlis dili mugallymy Amangül Hudaýberdiýewanyň ýolbaşçylygyndaky bezegler, çekilen ýodalar, ýasalan şekiller myhmanlaryň göwnünden turdy.

Mekdebiň mugallymlary Arazbibi Gultarowanyň, Enejan Musaýewanyň ýolbaşçylygynda gurnalan sport çäreleri bilim ojagyna aýratyn şowhun berdi.

Açyk gapylar güni mekdebiň mugallymlarynyň açyk sapaklary bilen dowam etdi. Türkmen dili we edebiyat mugallymy Gülsere Durdyýewanyň Magtymguly Pyraga bagyşlap geçiren sapagy, arap dili mugallymy Rahym Begenjowyň arap dilinden beren açyk sapagy, onda okuwçylaryň Magtymguly Pyragynyň goşgularyny arap dilinde ýerine ýetirmegi, Iňlis dili mugallymy Arzygül Bagyýewanyň okuwçylarynyň iňlis dilinde ýerine ýetiren sahnalary, Myrat Sopyýewiň taryhdan beren açyk sapagy, matematika mugallymy Akbibi Nyýazowanyň beren gyzykly sapagy, geografiya mugallymy Ogulgerek Hojaberdiýewanyň multimediýa tagtasyndan görkezen prezentasiyalary, başlangyç mugallymy Ogulboldy Gylyçmämmedowanyň çagalar bilen geçiren gyzykly oýun sapagy, biologiya mugallymy Maral Duşemowanyň biologiyadan beren täsirli sapagy, iňlis dili mugallymy Annasoltan Nedirowanyň iňlis dilinde prezentasiyalary bilen geçen sapaklary baýramçylyk çaresine gelen myhmanlaryň we mugallymlaryň göwnüne diyseň ýarady. Olar seljerme sagatlarynda mugallymlaryň beren açyk sapaklaryna ýokary baha berdiler.

Çäre mekdebiň mejlisler zalynda mekdebiň iňlis dili mugallymy Saparnepes Atabaýewiň ýolbaşçylygynda "Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna" bagyşlanan ylmy-amaly maslahat bilen dowam etdi. Maslahatda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp edilen çykyşlar, seljermeler, mekdebimizin halypa mugallymy Şyhy Şyhyýewiň tanyşdyrmagynda mekdebimiziň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň Magtymguly Pyraga bagyşlanan goşgulary, oýlanmalary we çeken suratlary (mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy Aýjemal Gaýlyýewanyň toplamagynda) ýerleşdirilen kitapça tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Maslahatyň ahyrynda şeýle şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy.

Maslahatdan soňra gelen myhmanlaryň arasynda Saparnapes Atabaýewiň gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp zehin bäsleşigi geçirildi. Soraglara iň köp jogap beren topar ýeňiji diyip yglan edildi we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Baýramçylyk çäresi mekdebiň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi. Çarede okuwçylarymyzyň türkmen, iňlis, arap, fransuz, azerbaýjan, rus dillerine ýerine ýetiren aýdymlary, 3-4-nji synp okuwçylarynyň şekiller bilen ýerine ýetiren tanslary, mekdebiň kitaphanaçysy Gülistan Aşyrmämmedowyň taýýarlan kompozisiyasy we mekdebiň mugallymlary Maral Geldiýewanyň, Şemşat Orazmämmedowanyň, Ogulgerek Myradowanyň, Jerengül Meretgylyjowanyň goýan tanslary gelenleriň göwün guşuny ganatlandyrdy. Başlangyç synp okuwçylarynyň uçuran ak kepderileriniň, howa şarlarynyň asmany bezemegi bilen Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan aýdymlar belentden ýaňlandy.

Gülnabat ANNATAGANOWA,
Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy,
žurnalist.

"Tmpedagog"

Tmpedagog